Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz Şeýtany ýeňip bilersiňiz!

Siz Şeýtany ýeňip bilersiňiz!

«Oňa (Şeýtana) garşy imanda berk duruň». 1 PET. 5:9

1. a) Biz näme üçin Şeýtana garşy göreşmeli? b) Biz Şeýtany ýeňip biljekdigimizi nireden bilýäris?

ŞEÝTAN mesh edilen mesihçilere we «başga goýunlara» garşy söweş alyp barýar (Ýahýa 10:16). Iblis wagtynyň azlygy sebäpli, Ýehowanyň gullukçylaryny başardygyndan köpräk ýuwutmaga jan edýär (Ylham 12:9, 12-nji aýatlary okaň). Biz bu söweşde Şeýtany ýeňip bilerismi? Elbetde! Mukaddes Ýazgylarda: «Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar» diýilýär (Ýakup 4:7).

2, 3. a) Şeýtanyň barlygyna ynanmaýan adamlar ony nädip goldaýarlar? b) Siz Şeýtanyň barlygyny nireden bilýärsiňiz?

2 Köp adamlar Şeýtanyň barlygyna ynanmaýarlar. Olar Şeýtany we jynlary çeper eserleriň, gorkunç filmleriň we wideooýunlaryň baş gahrymany hasaplaýarlar. Olar medeniýetli adamlaryň zalym ruhlara ynanmaýar diýip pikir edýärler. Adamlar göze görünmeýän Şeýtany we onuň ýaranlaryny sungat dünýäsine degişli hasaplaýarlar. Şeýtanyň muňa gahary gelýärmi? Ýok! Gaýtam, ol özüniň barlygyna ynanmaýanlaryň akyllaryny aňsatlyk bilen küteldýär (2 Kor. 4:4). Şeýtan adamlary aldamak üçin ruhy şahsyýetleriň ýokdugyna ynandyrýar.

3 Ýehowanyň gullukçylary Şeýtanyň toruna düşmeýärler. Sebäbi biz Iblisiň ýylan arkaly How ene bilen gepleşendigini we onuň hakyky şahsyýetdigini bilýäris (Gel. çyk. 3:1—5). Ol Ýehowa töhmet atmak üçin Eýýup pygamberi synaýar (Eýýup 1:9—12). Şeýtan Isany-da synaga salýar (Mat. 4:1—10). 1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygy berkarar bolanda, Şeýtan mesh edilenlere garşy «urşa» başlaýar (Ylh. 12:17). Ol 144 müň mesh edilenleriň galyndysynyň we «başga goýunlaryň» imanyny gowşatmak üçin henizem söweşýär. Bu söweşde ýeňmek üçin imanda berk durmaly. Şu makalada biz munuň üç usulyna serederis.

TEKEPBIRLIGE GARŞY GÖREŞIŇ

4. Şeýtan nädip tekepbir boldy?

4 Şeýtanda pesgöwünlilik häsiýeti ýok. Bu perişde Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy çykýar we özüni taňry hasaplaýar. Şeýdip, ol tekepbirligiň we çendenaşa göwniýetijiligiň gözbaşy bolýar. Biz tekepbirlige garşy göreşsek we kiçigöwünliligi ösdürsek, Şeýtana gaýtawul berýäris (1 Petrus 5:5-i okaň). Tekepbirlik näme?

5. Tekepbirlik näme üçin howply we muny nähili mysallar görkezýär?

5 Tekepbirlik adamlar we Ýehowa bilen dostlugymyzy bozýar; maslahaty pesgöwünlilik bilen kabul etmäge päsgel berýär (Zeb. 141:5). Ol «çendenaşa göwniýetijiligi» ýa-da «ulumsylyk bilen özüňi başgalardan ýokary tutmagy» aňladýar. Ýehowa tekepbirligi ýigrenýär (Ezek. 33:28; Amos 6:8). Emma Şeýtan şeýle häsiýetli adamlara begenýär, sebäbi olarda öz keşbini görýär. Şeýtan Nimrodyň, faraonyň we Abşalomyň tekepbirligini görüp begenendir (Gel. çyk. 10:8, 9; Müs. çyk. 5:1, 2; 2 Şam. 15:4—6). Tekepbir Kabyl hem Hudaýyň maslahatyny kabul etmändigi üçin günä edýär. Ol Ýehowanyň duýduryşyny kesirlik bilen ret edip, heläkçilige uçraýar (Gel. çyk. 4:6—8).

6, 7. a) Jynsparazlyk näme we onuň tekepbirlik bilen nähili baglanyşygy bar? b) Tekepbirligiň ýygnakdaky agzybirligi nädip bozýandygyny düşündiriň.

6 Şu günler adamlaryň tekepbirligi köp zatlarda görünýär. Tekepbirlik jynsparazlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Bir sözlükde jynsparazlyk şeýle düşündirilýär: «Bu başga jynsly adamlara nädogry ýa-da duşmançylykly garamak; her jynsyň özüne mahsus häsiýetiniň hem ukybynyň bardygyna ynanmak we bir jynsy beýleki jynsdan beýik ýa-da pes hasaplamak». Adamlaryň jynsyna bolan buýsanjy gozgalançylyga, uruşlara we gyrgynçylyga eltýär.

7 Elbetde, mesihçiler beýle zatlara ýygnakda ýol bermeli däl. Ýöne tekepbirlik sebäpli imandaşlaryň arasynda düşünişmezlik döräp, ýygnagyň agzybirligini bozup biler. Meselem, I asyrda ýaşan mesihçileriň arasynda şeýle ýagdaý dörände, Ýakup: «Araňyza uruşlar, dawalar nireden girýär?» diýip, oýlandyryjy soragy orta atýar (Ýakup 4:1). Hawa, duşmançylyk we göwniýetmezçilik ýaly garaýyşlar biziň ýüregimizde kök uran bolsa, onda gepleýşimiz hem-de özümizi alyp barşymyz bilen başgalara bitmejek ýara salarys (Sül. tym. 12:18). Görşümiz ýaly, tekepbirlik ýygnakdaky agzybirligi bozýar.

8. Mukaddes Ýazgylar jynsparazlykdan we tekepbirlikden gaça durmaga nädip kömek edýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

8 Biziň özümize çendenaşa göwnümiz ýetýän bolsa, onda «ähli tekepbirligiň Rebbe ýigrenjidigini» ýatdan çykarmalyň (Sül. tym. 16:5). Biz başga jynsly, milletli ýa-da medeniýetli adamlara bolan garaýşymyzy barlap durmaly. Eger biz jynsymyza ýa-da milletimize buýsansak, onda Hudaýyň «adamlaryň ähli milletlerini bir gandan ýaradandygyny» unutýandyrys (Res. iş. 17:26). Aslynda, dünýäde ýeke-täk bir millet bar diýse bolar, çünki biziň hemmämiz Adam atanyň nesli. Şol sebäpli bir milleti beýgeltmek ýa-da peseltmek paýhassyzlyk bolardy. Şeýtan şeýle garaýyş arkaly mesihçileriň arasyndaky söýgini we agzybirligi bozýar (Ýahýa 13:35). Biz Şeýtany ýeňmek üçin tekepbirligiň ähli görnüşlerinden gaça durmaly (Sül. tym. 16:18).

BAÝLYGA KOWALAŞMAKDAN WE DÜNÝÄNI SÖÝMEKDEN GAÇA DURUŇ

9, 10. a) Bu dünýä bolan söýgi näme üçin aňsatlyk bilen döräp bilýär? b) Dima dünýäni söýýändigini nädip görkezdi?

9 Şeýtan «bu dünýäniň Hökümdary» we ähli zat onuň goly astynda (Ýahýa 12:31; 1 Ýahýa 5:19). Bu dünýäniň hödür edýän zatlarynyň köpüsi Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna garşy gelýär. Dünýäniň ähli zatlaryna erbet diýip bolmaýar. Emma Şeýtan bu dünýä arkaly erbet höwesleri döredip, günä işlere iterýär we dünýä bolan söýgini ösdürip, Ýehowanyň ýolundan döndürmek isleýär (1 Ýahýa 2:15, 16-njy aýatlary okaň).

10 I asyrda ýaşan mesihçileriň käbiri dünýädäki zatlary söýýärdiler. Meselem, Pawlus resul: «Dima häzirki dünýäni söýýänligi üçin, meni taşlap Selanige gitdi» diýip ýazýar (2 Tim. 4:10). Mukaddes Ýazgylarda Dimanyň nämäni söýüp, Pawlusy taşlap gidendigi barada hiç zat aýdylmaýar. Belki-de, ol ruhy işleri däl-de, baýlygy söýendir. Dima köp ruhy bereketlerden mahrum bolýar. Ol näme gazanýar? Eger ol Pawlus bilen işleşen bolsa, onda Ýehowa oňa köp bereketler eçerdi. Bu dünýä oňa gowy zatlar berip bilermi? (Sül. tym. 10:22).

11. Biz «baýlygyň aldawçylygyna» nädip düşüp bileris?

11 Hawa, bizem şeýle ýagdaýa düşüp bileris. Mesihçiler özüni we maşgalasyny eklemeli bolýarlar (1 Tim. 5:8). Ýehowa biziň gowy şertlerde ýaşamagymyzy isleýär. Sebäbi ol Adam ata bilen How enä owadan öý berdi (Gel. çyk. 2:9). Ýöne Şeýtan «baýlygyň aldawçylygy» bilen bizi azdyrýar (Mat. 13:22). Köp adamlaryň pikiriçe, pul bagt getirýär, baýlyk üstünlik gazanmaga kömek edýär. Şeýle nädogry garaýyş iň wajyp zady, ýagny Ýehowa bilen dostlugymyzy bozup bilýär. Isa şägirtlerine şeýle duýdurýar: «Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez; çünki ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz-de hem Hudaýa, hem-de mammona hyzmat edip bilmersiňiz» (Mat. 6:24). Eger biz Ýehowa gulluk etmegiň deregine, baýlygyň guly bolsak, Şeýtanyň arzuwyny hasyl ederis. Geliň, Ýehowa bilen dostlugymyzy bozmaga pula, hiç bir zada ýol bermäliň! Maddy zatlara dogry garaýyşda bolup, Şeýtana garşy göreşeliň! (1 Timoteos 6:6—10-njy aýatlary okaň).

AHLAKSYZLYGA GARŞY GÖREŞIŇ

12. Bu dünýä nika we jynsy ahlaksyzlyga nähili garaýar?

12 Şeýtanyň gurýan ýene bir duzagy jynsy ahlaksyzlykdyr. Köp adamlar ýanýoldaşyňa wepaly bolmak we nika baradaky düşünjeleri kyn görüp, könelişen hasaplaýarlar. Meselem, meşhur aktrisa: «Erkek-de, aýal-da bütin ömrüne bir adam bilen bile ýaşap bilmeýär. Men henize çenli ýanýoldaşyna wepaly ýa-da wepaly bolmak isleýän adamy görmedim» diýýär. Bir aktýor bolsa: «Men adamyň kimdir biri bilen bütin ömrüne bile ýaşap biljekdigine şübhelenýärin» diýýär. Meşhur adamlaryň Hudaýyň sowgat beren nikasyna şeýle garamagy Şeýtany örän begendirýär. Iblis adamlaryň nika dogry garaýyşda bolup, bagtly bolmaklaryny islemeýär. Biz Şeýtany ýeňmek üçin, Hudaýyň döreden nikasyna dogry garaýyşda bolmaly.

13, 14. Biz jynsy ahlaksyzlykdan nädip gaça durup bileris?

13 Biz durmuş guran ýa-da gurmadyk bolsak-da, jynsy ahlaksyzlygyň ähli görnüşlerinden gaça durmaly. Muňa garşy göreşmek aňsatmy? Elbetde, ýok! Meselem, ýaşlar oýlanyşyksyz jynsy gatnaşyk edýärler. Käte telefon arkaly ahlaksyz suratlary ýa-da maglumaty ýaýradýarlar (seksting). Käbir ýurtlarda muny çaga pornografiýasy bilen deň derejede görülýär. Ýaşlar synpdaşlarynyň şu zatlar barada öwnüp, gürrüň edýändiklerini eşidýärler. Mukaddes Ýazgylarda: «Ahlaksyzlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir» diýilýär (1 Kor. 6:18). Jynsy gatnaşyk arkaly ölüm getirýän we hasrat çekdirýän keseller geçýär. Ýaşlaryň köpüsi azgynlyk edenden soňra puşman edýärler. Göwün açmagyň käbir görnüşleri Hudaýyň kanunyny bozmagyň hiç hili zyýany ýok we jynsy azlaksyzlygy gowy ýaly edip görkezýär. Aslynda, bu düýbünden dogry däl. Şeýle garaýyşdaky adamlar «günäniň aldawçylygyndan» ejir çekýärler (Ýew. 3:13).

14 Jynsy ahlaksyzlyga garşy nädip göreşmeli? Gowşak tarapyňyzy anyklaň (Rim. 7:22, 23). Hudaýa doga edip, güýç soraň (Flp. 4:6, 7, 13). Ahlaksyzlyga iterýän zatlardan gaçyň. (Sül. tym. 22:3). Synag dörände, aýypsyz galmak üçin aýgytly hereket ediň (Gel. çyk. 39:12).

15. Isa Şeýtana nähili jogap berdi we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?

15 Isa synaga garşy durmakda ajaýyp görelde galdyrdy. Ol Şeýtanyň beren wadalaryna ynanmady; günäniň gowy we erbet tarapy barada oýlanyp durmady. Gaýtam, Isa: «Ýazylgydyr» diýip, pert jogap berýärdi (Matta 4:4—10-njy aýatlary okaň). Isa Hudaýyň Sözüni gowy bilýändigi üçin oňa esaslanyp jogap berýärdi we synaga uçranda derrew hereket edýärdi. Şeýtany ýeňmek üçin jynsy ahlaksyzlyga garşy durmaly (1 Kor. 6:9, 10).

SOŇUNA ÇENLI ÇYDAN ÝEŇIŞ GAZANAR

16, 17. a) Şeýtanyň ýene-de nähili ýaraglary bar we biz muňa näme üçin geň galmaýarys? b) Şeýtanyň gelejege bolan umydy barmy we bu size çydamly bolmaga nädip kömek edýär?

16 Şeýtan tekepbirlik, baýlyga kowalaşmak we jynsy ahlaksyzlyk ýaly ýaraglary ulanýar. Onuň mundan başga-da ençeme ýaraglary bar. Meselem, mesihçileriň käbirine maşgala agzalary garşy çykýar, synpdaşlary üstünden gülýär ýa-da hökümet işgärleri garşylyk görkezýär. Şeýle päsgelçilikler bizi geň galdyrmasa gerek. Isa şägirtlerine: «Meniň adym sebäpli hemmeler sizi ýigrener; emma soňuna çenli çydan halas bolar» diýip, öňünden duýdurýar (Mat. 10:22).

17 Biz Şeýtany nädip ýeňip bileris? Isa şägirtlerine: «Siz çydamak bilen, janyňyzy halas edersiňiz» diýýär (Luka 21:19). Adamlar bize düzedip bolmajak zyýan ýetirip bilmeýär. Hudaýdan daşlaşmagymyza diňe biziň özümiz günäkär bolýarys (Rim. 8:38, 39). Şeýtan Ýehowanyň gullukçylaryny öldürse-de, ýeňiş gazanmaýar. Sebäbi Ýehowa olary höwes bilen direlder (Ýahýa 5:28, 29). Şeýtanyň bolsa gelejege umydy ýok. Bu zalym dünýä ýok edilende, ol 1 000 ýyla baglanar (Ylh. 20:1—3). Şeýtan Isanyň Müňýyllyk Patyşalygynyň soňunda kämil adamlary synamak üçin az wagtlyk «tussagdan boşadylar». Soňra Iblis doly ýok ediler (Ylh. 20:7—10). Şeýtanyň gelejegi kesgitlenen, ýöne siziň gelejegiňiz başgaça bolup biler. Şeýtana garşy göreşip, imanda berk duruň! Siz Şeýtany ýeňersiňiz!

Şeýtan doly ýok ediler (17-nji abzasa serediň)