Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

26-NJY AÝDYM

Meniň üçin etdiňiz

Meniň üçin etdiňiz

(Matta 25:34—40)

  1. 1. Dogruçyl adamlar agzybir işleşýär,

    Sadyk hyzmatkäre hemaýat edýär.

    Kim etse ýagşylyk,

    berse ýetmezini,

    Isa doldurar hökman öwezini.

    GAÝTALAMA:

    Hyzmatkäri goldan, meni goldaýar.

    Meniň üçin etdiň olara kömek.

    Meniň üçin etdiň olara hyzmat.

    Olary goldap, meni goldadyň.

    Meniň üçin etdiň olara kömek.

  2. 2. Suwdan gandyrdyňyz suwsuz galan wagtym,

    Çaý-çörek berdiňiz ajygan wagtym.

    «Aýt, haçan kömek etdik?»

    diýse adamlar,

    Isadan şeýle jogap alar olar:

    GAÝTALAMA:

    Hyzmatkäri goldan, meni goldaýar.

    Meniň üçin etdiň olara kömek.

    Meniň üçin etdiň olara hyzmat.

    Olary goldap, meni goldadyň.

    Meniň üçin etdiň olara kömek.

  3. 3. «Elmydam ýürekden bolduňyz wepaly,

    Ähli doganymy goldap yhlasly».

    Indi Patşa diýer

    sagyna seredip:

    «Geliň, Jennetde ýaşaň hezil edip».

    GAÝTALAMA:

    Hyzmatkäri goldan, meni goldaýar.

    Meniň üçin etdiň olara kömek.

    Meniň üçin etdiň olara hyzmat.

    Olary goldap, meni goldadyň.

    Meniň üçin etdiň olara kömek.