Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Geçmişden sapak edinýäris — Rut

Geçmişden sapak edinýäris — Rut

Geçmişden sapak edinýäris — Rut

Rut wepadarlygyň ajaýyp nusgasyny galdyrdy. Ýanýoldaşy aradan çykansoň, Rut öz obasyna dolanyp, amatly şertlerde ýaşap bilerdi. Emma ol garry gaýynenesi Nagominiň ýanynda galyp, oňa söýget boldy. Onuň şeýle karara gelmegi täzeden durmuş gurmagyna kän bir mümkinçilik bermeýärdi. Ýöne Rut diňe özi barada pikir etmeýärdi. Onuň Nagomä bolan söýgüsi we Ýehowanyň halky bilen bolmak islegi durmuşa çykmak isleginden has güýçlüdi (Rut 1:8—17).

Sen durmuş gurmak barada oýlanýarmyň? Onda Rutuň göreldesine eýerjek bol. Diňe öz islegiň barada pikirlenmän, geljekki ýanýoldaşyňy bagtly edip biler ýaly nähili häsiýetleri ösdürmelidigiň barada oýlan. Sen wepalydygyňy we janaýamazdygyňy görkezýärmiň? Bikämillik sebäpli erbet höwesler dörese-de, Hudaýyň kada-kanunlaryna görä ýaşamaga jan edýärmiň? Rutuň bar küýi-pikiri durmuşa çykmak däldi. Emma ol, wagtyň geçmegi bilen, özüne mynasyp adama duşup, bagtly maşgala gurdy. Olary baglanyşdyrýan esasy zat bolsa Hudaýa bolan söýgüdi. Senem şeýle adama duşup bilersiň.