Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Mekdepde dostlaşmak barada nämäni bilmeli?

Mekdepde dostlaşmak barada nämäni bilmeli?

17-NJI BAP

Mekdepde dostlaşmak barada nämäni bilmeli?

«Käte birgiden oglanlary görüp: „Bäh, bularyň arasyndan gyl geçenok. Meniňem şolaryňky ýaly dostlarym bolaýsady!“ diýýärin». Joý

«Başgalar bilen derrew dil tapyşyp dostlaşýandygym üçin mekdepde joram köp. Ýöne şeýle edýändigim köp kynçylyk döredýär». Mariýa

HER BIR ADAM şatlygyny we gaýgysyny deň paýlaşjak dostunyň bolmagyny isleýär. Isanyň hem dostlary bardy we olar bilen wagtyny gowy geçirýärdi (Ýahýa 15:15). Ol jebir pürsüne çüýlenen wagty, onuň ýanynda ýakyn dosty bolan «söýgüli şägirdi» Ýahýa bardy (Ýahýa 19:25—27; 21:20). Biziň ählimize-de ýagşy hem ýaman günümizde ýanymyzda boljak dostlar gerek.

Mekdepde birki adam bilen gowy dil tapyşýan bolsaň, onda özüňe ýakyn dostlary tapdym diýip pikir edýänsiň. Belki-de, olar bilen gyzyklanýan zatlaryňyz deň gelýändir we sözüňiz alyşýandyr. Şol sebäpli olar «erbetleriň» hataryna girmeýän ýaly bolup görünýändir (1 Korinfliler 15:33). Anna atly gyz şeýle gürrüň berýär: «Olary her gün görýändigiň üçin, olaryň ýanynda özüňi arkaýyn duýýarsyň. Dogan-uýalaryň ýanynda bolsa, nädogry bir zat edäýmäýin diýip, hereketiňe üns bermeli bolýar. Şonuň üçin mekdepde özüňi has erkin duýýarsyň». Ýa-da senem Loýis ýaly şeýle pikir edýänsiň: «Köpler Ýehowanyň Şaýatlaryny düşnüksiz adam hasaplaýar. Ýöne men klasdaşlarymyň olaryň hem beýleki adamlar ýalydygyna düşünmegini isleýärin». Bulary göz öňünde tutsak, klasdaşlaryň bilen ýakyndan dostlaşsa bolýarmy?

Näme üçin seresap bolmaly?

Gel, babyň başynda agzalan Mariýa bilen bolan waka seredeli. Onuň alçaklygy başgalary özüne çekýärdi. Ýöne Mariýa olar bilen gatnaşanda näçeräk çäk goýmalydygyny bilmek kyndy. Ol şeýle diýýär: «Men gyzlara-da, oglanlara-da gowy görünmek isleýärdim. Şeýdip, bu dünýäniň batgasyna çümüp gitdim». Loýis hem özi bilen şeýle ýagdaýyň bolandygyny aýdyp: «Dostlarymyň aýdan zatlary maňa şeýle bir täsir edýärdi welin, olara meňzäp başladym» diýýär.

Bu dogrudanam şeýle bolýar. Sebäbi sen biri bilen ýakyn dost bolsaň, onuň gowy görýän we wajyp hasaplaýan zatlaryny kabul etmeli bolýarsyň. Eger Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýan adam bilen dostlaşsaň, onuň özüni alyp barşy saňa-da hökman täsir eder (Süleýmanyň tymsallary 13:20). Şonuň üçin Pawlus resul: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň» diýip maslahat berdi (2 Korinfliler 6:14).

Näme edip bilersiň?

Pawlusyň beren maslahaty klasdaşlaryň bilen asla gepleşmeli däldigini ýa-da olardan gaçyp ýörmelidigini aňladýarmy? Elbetde, ýok. Mesihçiler «ähli halklardan şägirt taýýarlaň» diýen tabşyryga eýerip, dürli milletden, dinden we medeniýetden bolan adamlar bilen dil tapyşmagy öwrenmeli (Matta 28:19).

Bu babatda Pawlus resul gowy görelde galdyrdy. Ol «her kes» bilen, hatda dini özüniňkiden tapawutlanýan adamlar bilen hem nädip gürleşmelidigini bilýärdi (1 Korinfliler 9:22, 23). Senem Pawlusdan görelde alyp bilersiň. Deň-duşlaryň bilen mylakatly bolup, gowy gatnaşykda bolmagy öwren! Emma aýdýan sözleriň we hereketleriň klasdaşlaryňka meňzemesin. Gaýtam, ilkinji mümkinçilikden peýdalanyp, näme sebäpden Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlary boýunça ýaşaýandygyňy hormat bilen düşündir (2 Timoteos 2:25).

Elbetde, başgalardan tapawutlanmak aňsat däl (Ýahýa 15:19). Ýöne bu ýagdaýa başgaça seredip bilersiň. Aýdaly, sen gaýykda barýarkaň biriniň gark bolup barýandygyny görýärsiň. Sen ony halas etmek üçin suwa bökerdiňmi ýa-da halas ediş balonyny oklardyň? Elbetde, sen balony oklardyň.

Edil şonuň ýaly, klasdaşlaryňda Ýehowanyň öz dostlaryna berýän goragy ýok (Zebur 121:2—8). Eger sen olar bilen dostlaşmak üçin Ýehowanyň kada-kanunlaryny bozsaň, ruhy taýdan özüňe zyýan ýetirersiň we şatlygyňy ýitirersiň (Efesliler 4:14,15; Ýakup 4:4). Klasdaşlaryňa hakykatdanam kömek etmek isleseň, olara gaýyga münmäge, ýagny Ýehowa bilen dostlaşmaga ýardam et. Şeýdip, sen gowy dostdugyňy görkezersiň!

ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Men bulary hoş habary başgalar bilen paýlaşyp biler ýaly, hoş habaryň hatyrasy üçin edýärin». 1 Korinfliler 9:23

MASLAHAT

Eger klasdaşyň ynanýan zatlaryň barada öwrenmek islese, ilki bilen, onuň garaýşyny biljek bol. Ony ünsli diňle; ýumşak we hormat bilen gürleş (1 Petrus 3:15).

BILÝÄŇIZMI?

Mesihçileriň köpüsi Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty batyrgaýlyk bilen gürrüň beren klasdaşlaryndan eşitdiler.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Klasdaşym bilen ýakyndan gatnaşyp başlasam, men ․․․․․

Klasdaşym ynanýan zatlarym üçin üstümden gülse, men ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Dogan-uýalara garanyňda, klasdaşlaryň bilen dostlaşmak näme üçin aňsat bolup görünmegi mümkin?

● Mekdepden soň boş wagtyňy iman etmeýän klasdaşyň bilen geçirseň, netijesi nähili bolar?

● Klasdaşlaryňa Ýehowanyň Şaýadydygyňy aýtmagyň nähili peýdasy bar?

[143-nji sahypadaky sitata]

«Mekdepde özümi başgalar ýaly alyp barýardym. Şonuň üçinem maňa dostlaşmak aňsatdy. Ýöne men öz ýalňyşymdan sapak edindim. Häzir bolsa ýygnakda ynamdar dostlarym bar» Daniýel

[146-njy sahypadaky surat]

Sen gark bolup barýan adamy halas etmek üçin suwa bökersiňmi ýa-da halas ediş balonyny oklarsyň?