Matta 22:1—46

22  Isa ýene-de mysallar arkaly öwredip, şeýle diýdi:  «Gökdäki Patyşalygy gelin toýa meňzetse bolar+. Bir patyşa ogluny öýlendirýär.  Ol gullaryny iberip, toýa myhmanlary çagyrdýar, ýöne olar gelmek islemeýär+.  Şonda ol başga-da gullaryny iberip: „Çagyrylanlara aýdyň, öküzler we semiz mallar soýuldy, nahar bişdi, hemme zat taýýar. Toýa geliň“ diýdi.  Emma olar çakylyga ünsem bermedi, biri melleginde işledi, beýlekisi söwda-satyk etdi+.  Beýlekiler bolsa gullary ýenjip öldürdiler.  Patyşanyň muňa juda gahary geldi. Ol goşunyny iberdi-de, ganhorlary öldürip, şäheri otlady+.  Soňra ol gullaryna şeýle diýdi: „Toý saçagy taýýar, emma çagyrylanlar mynasyp däl eken+.  Indi şäheriň daşyna çykýan uly ýollara baryň, duşan adamlary toýa çagyryň“+. 10  Olar uly ýollara çykyp, ýagşy-ýaman diýmän hemmeleri çagyrdylar. Şeýdip, toý jaýy myhmandan doldy. 11  Patyşa gelip, myhmanlara syn edende, toý eşigini geýmedik bir adamy gördi. 12  Şonda patyşa: „Dostum, toý eşigini geýmän bärik nädip girdiň?“ diýip sorady. Ol hiç zat jogap bermedi. 13  Patyşa hyzmatkärlerine: „Onuň el-aýagyny daňyp, garaňkylyga taşlaň. Ol gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjar“ diýdi. 14  Diýmek, çagyrylanlar köp, saýlananlar az». 15  Fariseýler gidip, Isany sözünde tutmak üçin dilleşdiler+. 16  Olar öz şägirtlerini Hirodesiň tarapdarlary+ bilen Isanyň ýanyna iberdiler. Olar gelip: «Mugallym, sen dogruçyl we Hudaý barada hakykaty öwredýärsiň. Sen adamlara ýaranjaňlyk etmeýärsiň, wezipesine seretmeýärsiň. 17  Aýtsana, seniň pikiriňçe, patyşa* salgyt tölemek dogrumy ýa-da ýok?» diýip soradylar. 18  Isa olaryň niýetini bilip: «Eý ikiýüzlüler, meni näme üçin synaýarsyňyz? 19  Hany, maňa bir teňňe* görkeziň» diýdi. Olar bir teňňe getirip berdiler. 20  Isa olardan: «Teňňede kimiň suraty, kimiň ady bar?» diýip sorady. 21  Olar: «Patyşanyň*» diýip jogap berdiler. Isa: «Onda patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň»+ diýdi. 22  Olar muny eşidip, haýran galdylar we Isanyň ýanyndan gitdiler. 23  Şol gün direlişe ynanmaýan saddukeýler+ Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler+: 24  «Mugallym, Musanyň aýtmagyna görä, „Bir adam perzentsiz dünýäden ötse, dogany onuň aýalyna öýlenip, neslini dowam etmeli“+. 25  Ýedi dogan bardy. Olaryň birinjisi öýlenip, perzentsiz aradan çykdy. Soňra onuň aýalyna dogany öýlendi. 26  Emma ol hem aradan çykdy, soňra üçünji doganyndan tä ýedinji doganyna çenli ählisi şeýle ýagdaýa düşdi. 27  Soňunda aýal hem aradan çykdy. 28  Doganlaryň ýedisi-de şol aýala öýlendi. Indi direlişde ol haýsysynyň aýaly bolar?» 29  Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ýalňyşýarsyňyz, sebäbi mukaddes kitaplary-da, Hudaýyň güýjüni-de bilmeýärsiňiz+. 30  Direlişde ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar gökdäki perişdeler ýaly bolarlar+. 31  Siz Hudaýyň direliş hakda aýdanlaryny okamadyňyzmy? 32  Ol: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“+ diýdi. Hawa, ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýy»+. 33  Märeke muny eşidip, onuň öwredişine haýran galdy+. 34  Fariseýler Isanyň saddukeýleri geplemez ýaly edendigini eşidip, onuň ýanyna üýşüp geldiler. 35  Olaryň arasynda Töwradyň mugallymy bardy. Ol Isany synap: 36  «Mugallym, Töwratda iň wajyp tabşyryk haýsy?»+ diýip sorady. 37  Isa: «„Ýehowa* Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň* we bütin aň-düşünjäň bilen söý“+. 38  Ol birinji we iň wajyp tabşyryk. 39  Ikinji tabşyryk hem şoňa meňzeşdir: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“+. 40  Töwrat we Pygamberler kitaby şu iki tabşyryga esaslanýar»+ diýdi. 41  Isa fariseýleriň üýşüp durandygyny görüp+: 42  «Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip sorady. Olar: «Dawudyň ogly»+ diýip jogap berdiler. 43  Isa olara şeýle sorag berdi: «Onda Dawut Hudaýdan ylham alyp+ näme üçin oňa „Halypam“ diýdi? 44  Ol şeýle ýazypdy: „Ýehowa* meniň Halypama: „Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda goýýançam, sagymda otur“+ diýdi“. 45  Eger Dawut Mesihe Halypam diýen bolsa, ol nädip onuň ogly bolýar?»+ 46  Hiç kim jogap berip bilmedi. Şondan soň oňa hiç kim sorag bermäge milt etmedi.

Çykgytlar

Rim imperatory Sezar.
Rim imperatory Sezar.
Sözlüge serediň.