Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty? 1-nji bölüm: Hudaýa näme üçin ynanmaly?

Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty? 1-nji bölüm: Hudaýa näme üçin ynanmaly?

 Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty?

 Sen ähli zady Hudaýyň ýaradandygyna ynanýarsyňmy? Eger şeýle bolsa, sen ýeke däl. Ýaşlaryň köpüsi (hatda uly adamlaram) seniň pikiriň bilen ylalaşýar. Emma käbir adamlar ýaşaýyş we älem-jahan öz-özünden döredi, ony Hudaý döretmedi diýip pikir edýärler.

 Bilýärsiňmi? Ýaradylyşa ýa-da ewolýusiýa taglymatyna ynanýan adamlaryň köpüsi nämä ynanýandygyny aýtsa-da, oňa näme sebäpden ynanýandygyna doly düşünmeýär.

  •   Käbir adamlar buthanada öwredilendigi üçin ýaradylyşa ynanýar.

  •   Köpler bolsa mekdepde öwredilendigi üçin ewolýusiýa taglymatyna ynanýar.

 Bu dört bölümli makala ýaradylyşa bolan imanyňy berkitmäge we ynanýan zatlaryňy düşündirmäge kömek eder. Ilki bilen, özüňe şeýle soraglary ber:

 Men Hudaýa näme üçin ynanýaryn?

 Bu sorag barada oýlanmak näme üçin wajyp? Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda «pikirlenmek ukybyňy ulanmak» maslahat berilýär (Rimliler 12:1). Seniň Hudaýa bolan ynamyň aşakdaky zatlara esaslanmaly däl:

  •  duýgyňa (Men ägirt uly güýjüň bardygyna ynanýaryn)

  •  önüp-ösen ýeriňe (Men dindar adamlaryň arasynda ýaşaýaryn)

  •  alan terbiýäňe (Ene-atam Hudaýa ynanmaly diýip öwretdi ýa-da başga sebäpler)

 Ilki bilen, Hudaýyň bardygyna özüň ynanmaly, ynanýan zatlaryňam degerli sebäbi bolmaly.

 Sen Hudaýyň bardygyna näme üçin ynanýarsyň? «Men Hudaýa näme üçin ynanýaryn?» diýen gönükme ynanýan zatlaryň dogrudygyna göz ýetirmäge kömek eder. Ýaş oglan-gyzlaryň bu soraga berýän jogaplary saňa köp peýda getirer.

 «Mugallym sapakda adam organizminiň işleýşi barada her gezek gürrüň berende, Hudaýyň bardygyna bolan ynamym hasam berkeýär. Bedeniň her bir agzasy, hatda iň ujypsyz agzalary-da öz etmeli işlerini ýerine ýetirýärler. Käte biz olaryň nädip işleýändigini hem bilmeýäris. Dogrudanam, adam bedeniniň gurluşy haýran galdyrýar». Tereza

 «Men beýik jaýy, uly gämini ýa-da maşyny görenimde: „Muny kim ýasadyka?“ diýýärin. Maşynyň hereket etmegi üçin onuň müňlerçe bölekleri özara sazlaşykly işlemeli. Eger maşyny biri ýasan bolsa, onda çylşyrymly ynsan bedeniniň ýaradyjysy hökman bolmaly». Riçard

 «Älem-jahandaky käbir zatlara düşünmek üçin iň akylly adamlara ýüzlerçe ýyl gerek bolan bolsa, onda älem-jahanyň öz-özünden döremegi asla mümkin däl!» Karen

 «Ylmy näçe köp öwrendigimçe, şonça-da ewolýusiýa şübhelenýän. Meselem, tebigatda her bir zadyň belli bir tertip boýunça işleýşi we adamyň täsin ýaradylyşy haýran galdyrýar. Diňe adamlar kimdigi, nädip dörändigi we näme üçin ýaşaýandygy barada oýlanýar. Ewolýusiýa taglymaty bu zatlary haýwanlar bilen baglanyşdyrmaga çalyşýar, ýöne adamlaryň näme sebäpden täsin ýaradylandygyny hiç haçan düşündirip bilmeýär. Meniň pikirimçe, Ýaradyja ynanmak üçin däl-de, ewolýusiýa taglymatyna ynanmak üçin has köp „iman“ gerek». Entoni

 Ynanýan zatlaryňy nädip düşündirmeli?

 Klasdaşlaryň seniň Hudaýa ynanýandygyň üçin üstüňden gülse näme? Olar ewolýusiýa taglymatyny hatda ylymam «tassyklaýar» diýse näme?

 Ilki bilen, ynamly bol. Ynanýan zatlaryň üçin hiç kimden utanma we çekinme (Rimliler 1:16). Galyberse-de, ýadyňda bolsun:

  1.   Sen ýeke däl; Hudaýa ynanýan adamlar köp. Hatda ýokary bilimli adamlaram, alymlaram Hudaýyň bardygyna ynanýar.

  2.   Hudaýa ynanmaýandygyny aýdýan adamlar aslynda Hudaýy tanamaýarlar. Olar näme üçin şeýle pikir edýändigini düşündirmegiň deregine, «Hudaý bar bolsa, horluklara näme üçin ýol berýär?» diýen soragy berýär. Diýmek, olar pikirlenmek islemeýär-de, özlerini biynjalyk edýän zatlar barada gürrüň edýärler.

  3.   Adamlar «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünmeli» (Matta 5:3). Muňa Hudaýa ynanmaklyk hem degişli. Şol sebäpli Hudaý ýok diýýän adam muny subut etsin. Ony Hudaýyň bardygyna ynandyrmagyň deregine, näme üçin şeýle netijä gelendigini sora (Rimliler 1:18—20).

  4.   Hudaýyň bardygyna ynanmak paýhasly. Ýaşaýşyň öz-özünden döremändigini subut edýän ynandyryjy deliller bar. Emma onuň öz-özünden dörändigini subut edýän hiç hili delil ýok.

 Hudaýa ynanýandygyň barada sorasalar ýene näme jogap berse bolar? Gel, käbir ýagdaýlara seredeli.

 Biri saňa: «Hudaýa diňe bilimsiz adamlar ynanýar» diýýär.

 Sen şeýle jogap berip bilersiň: «Sen Hudaý barada şeýle pikirdemi? Men-ä beýle däl. Geçirilen barlaga görä, dünýä belli uniwersitetleriň 1 müň 600-den gowrak professorlarynyň üçden biri özüniň ateist ýa-da agnostik a däldigini aýdýar. Sen Hudaýa ynanýandygy üçin şol alymlary düşünjesiz hasaplarsyňmy?»

 Biri saňa: «Hudaý bar bolsa, näme üçin ýer ýüzünde kynçylyk köp?» diýýär.

 Sen şeýle jogap berip bilersiň: «Belki, siz Hudaýyň nädip kömek edýändigine düşünýän dälsiňiz ýa-da size Hudaý hiç zat etmeýän ýaly bolup görünýändir. Şeýle dälmi?! (Jogap bersin). Men ýer ýüzünde kynçylyklaryň näme üçin köpdüginiň sebäbini bildim. Ýöne şeýle soraglaryň jogabyny bilmek üçin Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmeli. Seniňem köpräk bilesiň gelýärmi?»

 Bu dört bölümli makalanyň indikisinde näme üçin ewolýusiýa taglymatynyň adamyň ýaradylyşy babatda takyk jogap bermeýändigine serederis.

a Salgysy: Sosial ylmyny gözleg geçirýän maslahaty, «Uniwersitetdäki alymlaryň dine we Hudaýa bolan imany», Elaýn Howard Eklund, 5-nji fewral, 2007-nji ýyl.