Esasy materiala geçiň

MAŞGALALARA KÖMEK | NIKA

Gabanjaňlygyň maşgalaňyzy dargatmagyna ýol bermäň

Gabanjaňlygyň maşgalaňyzy dargatmagyna ýol bermäň

 Maşgalada gabanjaňlyk bolsa ynam bolmaýar. Ynam bolmasa-da agzybirlik bolmaýar. Onda sebäpsiz ýere gabanmaz ýaly näme edip bilersiňiz?

Şu makalada:

 Gabanjaňlyk näme?

 «Gabanjaňlyk» sözüniň birnäçe manysy bar. Şu makalada gabanjaňlyk diýlende, biri ýanýoldaşyna ýerliksiz üns berse ýa-da ýanýoldaşy birine ýerliksiz üns berse adamda döreýän duýgy göz öňünde tutulýar. Şonda siziň üçin maşgala ojagyňyz dargaýan ýaly bolýandyr. Eger şeýle bolsa, ýanýoldaşyňy gabanmak adaty zat. Är-aýal biri-birine iň ýakyn adam bolmaly. Şonuň üçin olar maşgalasyny goramak üçin elinde baryny etmeli.

 Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Olar iki däl, bir beden. Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» (Matta 19:6).

 «Eger maşgala ojagyňyza howp abanýan bolsa, onda gabanjaňlyk edil ýangynyň dörändigini habar berýän enjam ýaly bolar. Ol sizi hereket etmäge we maşgalaňyzy goramaga höweslendirer» (Benjamin).

 Ýerliksiz gabanjaňlyk sebäp ýok ýerde ýanýoldaşyňa müňkür bolmagy aňladýar. Ýöne çyndan söýýän adam ýerliksiz gabanjaňlyga ýol bermän, ýanýoldaşyna ynanýar (1 Korinfliler 13:4, 7). Professor Robert Lihi şeýle ýazýar: «Ýanýoldaşyny ýerliksiz gabanýan adam maşgalasyny goraýandyryn öýtse-de, aslynda, ony öz eli bilen ýumurýar».

 Ýerliksiz gabanjaňlyga näme sebäp bolýar?

 Belki, siz öň maşgala gurup, ýanýoldaşyňyzyň ikilik edendigi sebäpli aýrylyşansyňyz. Şol sebäpli sizde ýerliksiz gabanjaňlyk döremegi mümkin. Ýa-da ene-ataňyz biwepalyk sebäpli aýrylyşan bolsa, siz: «Meniňem durmuşym şeýle bolar» diýip gorkýansyňyz.

 «Ýaşkam kakam ejeme ikilik etdi. Şondan soň maňa birine ynanmak kyn. Hatda ýanýoldaşyma-da käwagt ynanmazçylyk edýärin» (Melissa).

 Şeýle-de siziň özüňize ynamyňyz bolmasa, ýanýoldaşyňyzy hemmelerden gabanyp, maşgalaňyz dargaýan ýaly bolup görünmegi mümkin. «Ýanýoldaşym owadanrak birini tapsa, derrew meni taşlap gider» diýip pikir edersiňiz.

 «Bir gezek ärimden toýda öýlenýän ýigidiň dosty bolmagy haýyş etdiler. Ol gyzyň jorasy bilen bile ýöräp, tans hem edip bilerdi. Bu maňa ýaramady. Şonuň üçin ärime „ýok“ diýdirdim» (Naomi).

 Elbetde, her ýerde toýuň däp-dessurlary dürli-dürli bolýar. Nähili bolaýanda-da, mesihçiler Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerip karara gelmeli. Şu ýagdaýda Naominiň ärini gabanmagy ýerliklidimi? Ol ärini ýerliksiz gabanandygyny aýdýar. Naomi şeýle diýýär: «Şol wagt meniň özüme ynamym ýokdy. Şonuň üçin göwnüme ärim meni başga gelin-gyzlar bilen deňeşdirýän ýalydy. Ýöne aslynda beýle däldi».

 Siz ýanýoldaşyňyzy näme sebäpden gabansaňyz-da, ol size ikilik edýändir öýdüp, ýanýoldaşyňyzy günäkärläp başlarsyňyz. Netijede, biri-biriňize ynamyňyz gaçyp, maşgalaňyzda agzalalyk dörär, hatda saglygyňyza hem zyýan ýetip biler.

 Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Gabanjaňlyk süňkleri çüýredýär» (Nakyllar 14:30, çykgyt).

 Özüňe nädip erk etmeli?

 Ýanýoldaşyňyza ynanyň. Äriňize ýa-da aýalyňyza ynanmazçylyk etmegiň deregine, onuň siziň ynamyňyzy ödemek üçin edýän zatlary hakda oýlanyň.

 «Men ärimiň gowy häsiýetlerine üns berýärin. Ol başgalaryň ýürekden aladasyny edýändigi üçin olara kömek edýär. Onuň erbet niýeti ýok. Men hemişe öz-özüme: „Ejem-kakamyň aýrylyşmagy meniňem maşgalamyň bozuljagyny aňlatmaýar“ diýip ýatladyp durýaryn» (Melissa).

 Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Söýgi... ähli zada ynanýar» (1 Korinfliler 13:4, 7).

 Şübhäňizi aýryň. Ýokarda agzalan professor Robert Lihi şeýle ýazýar: «Käte biz öz pikir edýän zadymyza hakykatdyr öýdýäris we munuň şeýledigine ýürekden ynanyp başlaýarys. Ýöne bir zada ýürekden ynanmak şol zadyň dogrudygyny subut etmeýär».

 «Ýagdaýa özüňçe baha bermek we ýok zatlary göwnüňe getirmek maşgalada kynçylyk döredip biler» (Nadin).

 Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Goý, hemmeler sizi paýhasly adam hökmünde tanasyn» (Filipililer 4:5).

 Aladalaryňyzy paýlaşyň. Näme sebäpden gabanýan bolsaňyz-da, ýanýoldaşyňyz bilen bu hakda gepleşiň. Başgalar bilen onuň özüni nähili alyp barmagyny isleýändigiňizi aýdyň. Şu meselede ylalaşyp paýhasly karara geliň.

 «Gürrüňdeş bolanyňyzda ýanýoldaşyňyzyň göwnüňize degesi gelmeýändigi we gowy karara gelmek isleýändigi hakda oýlanyň. Onuň niýetine şübhelenmäň. Belki, siziň özüňiz sähel zada üns berip, ýanýoldaşyňyzdan köp zada garaşýansyňyz. Ýa-da ýanýoldaşyňyz isleýşiňiz ýaly size üns bermeýändigini bilýänem däldir» (Siara).

 Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Goý, her kim öz peýdasyny däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlesin» (1 Korinfliler 10:24).

«The Jealousy Cure» atly kitapdan.