Esasy materiala geçiň

Adam ölende oňa näme bolýar?

Adam ölende oňa näme bolýar?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitapda: «Ýaşaýanlar öljekdigini bilýändirler, ýöne ölüler hiç zat bilýän däldir» diýilýär (Nesihat 9:5; Zebur 146:4). Görşümiz ýaly, adam ölende, ýaşamagyny bes edýär. Ölen adam pikirlenip, hereket edip we hiç zat duýup bilmeýär.

«Ýene-de topraga öwrülersiň»

 Hudaý ilkinji ynsana adam ölende, oňa näme bolýandygyny düşündirdi. Adam ata berlen tabşyrygy ýerine ýetirmändigi üçin, Hudaý oňa: «Topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň» diýdi (1 Musa 3:19). Hudaý Adam atany «toprakdan» ýaratmazdan öň, ol hiç ýerde ýaşamaýardy (1 Musa 2:7). Şonuň üçin Adam ata ölende, ol ýene-de topraga öwrüldi we ýaşamagyny bes etdi.

Häzir hem adamlar ölende, topraga öwrülýär. Mukaddes Kitapda adamlar we haýwanlar babatda: «Ählisi toprakdandyr, ählisi-de ýene topraga dolanýar» diýilýär (Nesihat 3:19, 20).

Ölüm ähli zadyň soňy däl

 Mukaddes Kitapda ölüm köplenç uky bilen deňeşdirilýär (Zebur 13:3; Ýahýa 11:11—14; Resullar 7:60). Güýçli uka giden adamyň daş-töwereginde nämeleriň bolup geçýändigini bilmeýşi ýaly, ölen adam hem hiç zady bilmeýär. Muňa garamazdan, Mukaddes Kitapda Hudaýyň aradan çykan adamlary ölüm ukusyndan oýaryp, olara ýaşaýşy gaýtaryp berjekdigi aýdylýar (Eýýup 14:13—15). Direljek adamlar üçin ölüm ähli zadyň soňy däldir.