Esasy materiala geçiň

Bagyşlanylmaýan günä näme?

Bagyşlanylmaýan günä näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Bagyşlanylmaýan günä günäkäri Hudaýyň merhemetinden mahrum edýän hereketleri aňladýar. Bu adamda nädip döräp biler?

 Hudaý eden günälerine toba edýän, Mukaddes Kitabyň talaplary boýunça ýaşaýan we Isa iman edýän adamlary bagyşlaýar (Resullar 3:19, 20). Emma adam käte günäli höweslerine şeýle bir ýykgyn bolýar welin, ol garaýşyny we hereketini düzetmeýär. Mukaddes Kitapda şeýle adamyň «ýüreginiň zalym» bolup, «günäniň aldawyna düşýändigi» aýdylýar (Ýewreýler 3:12, 13). Peçde bişirilen toýnuň durkuny üýtgetmeýşi ýaly, şeýle adamyň hem ýüregi hemişe Hudaýa garşy çykýar (Işaýa 45:9). Ony bagyşlamaga Hudaýda hiç hili esas ýok, şol sebäpli onuň eden günäsi bagyşlanylmaýan ýa-da geçilmeýän günä hasaplanýar (Ýewreýler 10:26, 27).

 Isanyň günlerindäki ýehudy dini ýolbaşçylaryň käbiri hem bagyşlanylmaýan günäleri edýärdi. Olar Isanyň Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly gudrat görkezýändigini bilýärdiler. Emma şonda-da betniýetlik bilen Isanyň bu güýji Şeýtan Iblisden alýandygyny aýdýardylar (Markus 3:22, 28—30).

Bagyşlanylýan günäler

  •  Bilmän Hudaýa dil ýetirmek. Pawlus resul hem öň Hudaýa dil ýetirýän adamlaryň biridi. Soňra ol: «Maňa rehim edildi, sebäbi men olary bilmän edipdim we imansyzdym» diýdi (1 Timoteos 1:13).

  •  Zyna etmek. Mukaddes Kitapda zyna edip, soňra toba eden adamlary Hudaýyň bagyşlandygy aýdylýar (1 Korinfliler 6:9—11).

«Men bagyşlanylmaýan günä etdimmi?»

 Siz öňki eden günäleriňize ýürekden ökünip, durmuşyňyzy özgertmäge jan edýän bolsaňyz, onda Hudaý eden günäleriňizi bagyşlar. Hatda adam günäsini birnäçe gezek gaýtalasa-da, onuň ýüregi Hudaýa garşy çykmasa, ol bagyşlanar (Nakyllar 24:16).

 Käbirleri adam eden işleri sebäpli özüni çendenaşa günäkärleýändigi üçin, bagyşlanylmaýan günäleri edýär diýip pikir edýär. Emma Mukaddes Kitap duýgularyňa hemişe ynanmaly däldigini öwredýär (Ýermeýa 17:9). Hudaý bize adamlary, hatda özümizi hem höküm etmäge hukuk bermedi (Rimliler 14:4, 12). Şol sebäpli hatda ýüregimiz bizi ýazgarsa-da, Hudaý bagyşlaýar (1 Ýahýa 3:19, 20).

Iuda Iskariot bagyşlanylmaýan günä etdimi?

 Elbetde, ol açgözlük bilen mukaddes gulluk üçin berilýän pullary ogurlady. Garyplara kömek etmek isleýän ýaly görünse-de, onuň maksady köpräk pul ogurlamakdy (Ýahýa 12:4—8). Onuň ýüregi hemişe erbet işleri etmäge şeýle bir ýykgyndy welin, soňunda Isany 30 kümüş teňňä satdy. Isa Iudanyň toba etmejekdigini bilýärdi. Şonuň üçin ol Iudanyň «heläk boljakdygyny» aýtdy (Ýahýa 17:12). Bu bolsa onuň ebedi heläk bolup, direlişe umydynyň ýokdugyny görkezýär (Markus 14:21).

 Iuda eden günäsine ýürekden toba edýändigini görkezmedi. Ol günäsini Hudaýyň öňünde däl-de, Isany satmak üçin dil düwşen ruhanylaryň öňünde boýun aldy (Matta 27:3—5; 2 Korinfliler 7:10).