Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitapda garry ene-ataň aladasyny etmek barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda garry ene-ataň aladasyny etmek barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Garry ene-atasynyň aladasyny etmek çagalaryň borjy. Mukaddes Kitapda çagalar ene-atasynyň aladasyny etse, Hudaýyň hem halaýandygy aýdylýar (1 Timoteos 5:4). Garry ene-atasyna kömek edýän çagalar Hudaýyň: «Ene-ataňyza hormat goýuň» diýen tabşyrygyna gulak asýar (Efesliler 6:2, 3).

 Mukaddes Kitapda garry ene-ataň aladasyny nädip etmelidigi hakda jikme-jik aýdylmaýar. Ýöne onda gowy görelde galdyran erkekdir-aýallar bar. Olaryň wakasy garry ene-atasynyň aladasyny edýänlere gowy kömek edýär.

 Gadymy döwürde käbir adamlar garry ene-atasynyň nädip aladasyny edipdir?

 Mukaddes Kitapda agzalýan adamlaryň hersi ýagdaýyna görä ene-atasynyň aladasyny edipdir.

  •   Ýusup kakasy Ýakupdan uzakda ýaşaýardy. Ýakubyň ýaşy bir çene ýetipdi. Ýusup mümkinçilik dörän badyna kakasyny öz ýanyna göçürýär, ýaşar ýaly jaý, iýer-içer ýaly zat berip, aladasyny edýär (1 Musa 45:9—11; 47:11, 12).

  •   Rut gaýynenesiniň ýurduna göçüp barýar we onuň aladasyny etmek üçin agyr zähmet çekýär (Rut 1:16; 2:2, 17, 18, 23).

  •   Isa ölmezinden öň şägirtleriniň birine dul galan ejesi Merýemiň aladasyny etmegi haýyş etdi (Ýahýa 19:26, 27) a.

 Mukaddes Kitapdaky haýsy maslahatlar ene-atasyna seredýänlere kömek eder?

 Garry adamlara seredýänler köplenç ýadaýar, güýçden gaçýar. Mukaddes Kitapda olara kömek edýän prinsipler bar.

  •   Ene-ataňyza hormat goýuň.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ene-ataňyza hormat goýuň» (2 Musa 20:12).

     Şu prinsipe nädip eýermeli? Ene-ataňa seretmek olaryň erkinligini elinden almagy aňlatmaýar. Belki, olaryň käbir zatlary özleri etmek gelýändir, käbir ýagdaýlarda özleri karara gelmek isleýändir. Şonda olara päsgel bermäň, gaýtam paýhasly bolup olara kömek ediň.

  •   Ýagdaýyna düşünjek boluň we geçirimli boluň.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Düşünjeli ynsanyň gahary köşeşýär, günäni geçmek onuň şöhratydyr» (Nakyllar 19:11).

     Şu prinsipe nädip eýermeli? Ejeňiz ýa kakaňyz käte siz bilen gödek gürleşse ýa-da edýän işiňiziň gadyryny bilmeýän ýaly görünse, ýagdaýyna düşünjek boluň. Özüňizden: «Ejemiň ýa kakamyň ýerine bolan bolsam, men näme ederdim?» diýip soraň. Göwnüňize alman, olaryň ýagdaýyna düşünmäge jan etseňiz, aladasyny etmek aňsat bolar.

  •   Maslahatlaşyň.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Maksada maslahatsyz ýetilýän däldir, maslahatçy köp bolsa, maksada ýetilýär» (Nakyllar 15:22).

     Şu prinsipe nädip eýermeli? Ene-ataňyz ýarawsyz bolsa, nädip has gowy kömek edip biljekdigiňiz barada gözleg geçiriň. Hökümet tarapyndan nähili kömek berilýändigini bilip, şondan peýdalanyň. Garry ene-atasyna seredýän adamlardan maslahat soraň. Jigi-doganlaryňyz bar bolsa, ene-ataňyza gerek-ýarak zatlar, oňa nädip seretmelidigi barada gürleşiň.

    Bir maşgala garry ene-atasyna seretmek hakda maslahatlaşýar

  •   Pespäl boluň.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Akyldarlyk bolsa pespäller bilendir» (Nakyllar 11:2).

     Şu prinsipe nädip eýermeli? Hemme zada bir özüňiz ýetişmersiňiz, sebäbi siziň başga-da etmeli işleriňiz bardyr, ýadaýansyňyz. Siz näçe jan etseňizem, güýjüňizden artyk zady edip bilmersiňiz. Eger ýadaýan bolsaňyz, maşgala agzalaryňyzdan ýa-da başga birinden kömek soraň.

  •   Özüňize serediň.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hiç bir adam bedenini ýigrenýän däldir, gaýtam naharlanyp, bedeniniň aladasyny edýändir» (Efesliler 5:29).

     Şu prinsipe nädip eýermeli? Garry ene-ataňyza seretseňizem, özüňiziňem, maşgalaňyzyňam aladasyny etmegi ýatdan çykarmaň. Wagtynda iýip-içiň, gezelenç ediň, ukyňyzy alyň (Nesihat 4:6). Mümkin boldugyndan köpräk dynç alyň. Şeýle etseňiz, ýadawlygyňyz çykar, güýç toplarsyňyz, ene-ataňyzyň aladasyny has gowy edersiňiz.

 Mukaddes Kitapda ene-ataňa nirede seretmelidigi aýdylýarmy?

 Mukaddes Kitapda ene-ataňa öýde ýa-da başga ýerde seretmelidigi hakda anyk görkezme ýok. Käbir çagalar ene-atasyna öýde seretmegi amatly görýär. Käbirleri bolsa ene-atasy garrylar öýünde ýaşasa, aladasy has gowy ediler öýdýär. Ene-atasy üçin nämäniň gowy boljakdygyny her maşgalanyň özi maslahatlaşyp, çözüp bilýär (Galatýalylar 6:4, 5).

a Mukaddes Kitabyň bir düşündirilişinde şeýle diýilýär: «Şol wagt Merýemiň äri Ýusubyň aradan çykanyna köp wagt bolan bolmaly. Ýusup aradan çykansoň, maşgalasynyň aladasyny Isa edýärdi. Şonuň üçin Isa ölmezinden öň, ejesini şägirdine tabşyryp, garry ene-ataň aladasyny etmekde gowy görelde galdyrdy» («The NIV Matthew Henry Commentary» I tom, sahypalar 428, 429).