Esasy materiala geçiň

Hudaý meni bagyşlarmy?

Hudaý meni bagyşlarmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hawa. Eger gerekli ädimleri ätseňiz, Hudaý sizi bagyşlar. Mukaddes Kitapda Hudaýyň «gaty geçirimlidigi» aýdylýar (Nehemýa 9:17; Zebur 86:5; Işaýa 55:7). Ol bizi bagyşlanda, bütinleý bagyşlaýar, başgaça aýdanymyzda, günälerimizi öçürýär (Resullar 3:19). Şeýle-de Hudaý hemişelik bagyşlaýar, sebäbi ol: «Indi günälerini ýatlamaryn» diýýär (Ýermeýa 31:34). Ol bizi bagyşlandan soň, ýazgarmak ýa-da temmi bermek üçin günälerimizi ýatladyp durmaýar.

 Emma bu Hudaýyň gowşak ýa-da ejiz bolandygy üçin bagyşlaýandygyny aňlatmaýar. Ol adyl kadalaryny hiç haçan üýtgetmeýär. Şol sebäpli hem Hudaý käbir günäleri geçmeýär (Ýuşa 24:19, 20).

Hudaý bagyşlar ýaly ätmeli ädimler

  1.   Hudaýyň kadalaryny bozandygyňyzy boýun alyň. Siziň etmişiňizden ýaňa başga adamlar zyýan çeken bolsa-da, ilki bilen, Hudaýa garşy günä edendigiňize düşünmelisiňiz (Zebur 51:1, 4; Resullar 24:16).

  2.   Hudaýa doga edip, günäleriňizi boýun alyň (Zebur 32:5; 1 Ýahýa 1:9).

  3.   Çyn ýürekden toba ediň. «Hudaýyň islegine laýyk gynanmaklyk» ýüregiňize täsir eder we toba etmäge höweslendirer (2 Korinfliler 7:10). Ýöne diňe bir eden işiňize däl-de, eýsem, oňa elten hereketleriňiz üçin hem ökünmeli (Matta 5:27, 28).

  4.   Erbet işleriňizi taşlap, «ýaşaýşyňyzy üýtgediň» (Resullar 3:19). Munuň üçin belli bir işlerden gaça durmaly ýa-da pikiriňizi we häsiýetiňizi doly üýtgetmeli bolarsyňyz (Efesliler 4:23, 24).

  5.   Ýalňyşyňyzy düzetmek ýa-da ýetiren zyýanyňyzyň öwezini dolmak üçin gerekli ädimleri ädiň (Matta 5:23, 24; 2 Korinfliler 7:11). Siz sebäpli ejir çeken adamdan ötünç soraň we eden ýalňyşyňyzy mümkin boldugyndan düzetmäge jan ediň (Luka 19:7—10).

  6.   Hudaýa doga edip, Isa pygamberiň döken gany esasynda ötünç soraň (Efesliler 1:7). Dogaňyza jogap almak üçin size garşy günä eden adamlary bagyşlaň (Matta 6:14, 15).

  7.   Agyr günä eden bolsaňyz, siziň üçin doga we ruhy taýdan kömek edip biljek adamlara ýüz tutuň (Ýakup 5:14—16).

Hudaýyň bagyşlaýşy babatda ýalan düşünjeler

 «Men örän köp günä edendigim üçin Hudaý bagyşlamaz».

Dawut zyna edende we adam öldürende, Hudaý ony bagyşlady

 Mukaddes Kitapdaky görkezmä eýersek, Hudaý bizi bagyşlar. Sebäbi onuň bagyşlamaga bolan ukyby biziň günälerimizden beýikdir. Ol adamyň agyr hem-de ençeme gezek eden günäsini bagyşlaýar (Işaýa 1:18).

 Meselem, Ysraýylyň patyşasy Dawut zyna edip, adam öldürse-de, Hudaý ony bagyşlady (2 Şamuwel 12:7—13). «Günäkärleriň arasynda iň erbedi bolsa mendirin» diýen sözleri aýdan Pawlus resuly hem Ol bagyşlady (1 Timoteos 1:15, 16). Hatda I asyrda ýaşan ýehudylar Isa pygamberiň ölümine sebäpkär bolsalar-da, toba edenlerinde, Hudaý olaryň günälerini geçdi (Resullar 3:15, 19).

 «Eger ruhanynyň öňünde günälerimi boýun alsam, Hudaý meni bagyşlar».

 Şu günler Hudaýa garşy edilen günäleri bagyşlamaga hiç bir adamyň haky ýok. Adamyň öňünde günäleriňi boýun almak kalbyňa rahatlyk berýär, ýöne diňe Hudaý günäleri bagyşlaýar (Efesliler 4:32; 1 Ýahýa 1:7, 9).

 Eger şeýle bolsa, onda Isanyň: «Kimiň günäsini bagyşlasaňyz, Hudaý hem onuň günäsini bagyşlaýandyr. Emma bagyşlamasaňyz, Hudaý hem ony bagyşlaýan däldir» diýen sözleri nämäni aňladýar? (Ýahýa 20:23). Isa pygamber bu aýatda resullaryna berlen aýratyn ygtyýary barada aýtdy. Olara bu ygtyýar mukaddes ruhy alandan soň berildi (Ýahýa 20:22).

 Isanyň wada edişi ýaly, b. e. 33-nji ýylynda resullara mukaddes ruh indi (Resullar 2:1—4). Petrus resul şu ygtyýaryndan peýdalanyp, Hananýa bilen Sapfira höküm çykarypdy. Petrus gudrat bilen bu är-aýalyň aýdan ýalan sözüni paş etdi we çykarylan höküm olaryň günäleriniň ötülmejekdigini görkezýärdi (Resullar 5:1—11).

 Resullar aradan çykandan soň, mukaddes ruh sylagyny almak, syrkawlary sagaltmak, başga dillerde geplemek we şuňa meňzeş ukyplar hiç kime berilmedi (1 Korinfliler 13:8—10). Şol sebäpli hiç bir adam başga biriniň günäsini ötüp bilmeýär.