Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitapda gan goýbertmek barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda gan goýbertmek barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitapda gan ulanmaklyk gadagan edilýär. Şol sebäpli biz gany ýa-da onuň esasy böleklerini iýmit hökmünde-de, bejergi almakda-da ulanmaýarys. Geliň, Mukaddes Kitapdan getirilen aýatlara seredeliň:

  •   1 Musa 9:4. Tupandan soň Hudaý Nuh pygambere we onuň maşgalasyna haýwanlaryň etini iýmäge rugsat berdi, ýöne gany bilen iýmeli däldi. Hudaý Nuh pygambere: «Olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr» diýdi (1 Musa 9:4). Bu tabşyryk ähli adamlara degişli, sebäbi biziň barymyz Nuh pygamberiň nesli.

  •   3 Musa 17:14. «Hiç bir jandaryň ganyny agzyňyza almaň, çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr. Ony iýen Meniň halkymdan çetleşdirilsin». Hudaýyň garaýşynda jan ýa-da ýaşaýyş gandadyr we ol Hudaýa degişlidir. Bu kanun ysraýyl halkyna berlenem bolsa, ondan Hudaýyň gana bolan garaýşynyň wajypdygyny görse bolýar.

  •   Resullar 15:20. «Gandan gaça duruň». Hudaý Nuh pygambere berşi ýaly, mesihçilere-de gandan gaça durmak barada tabşyryk berdi. Taryhdan görnüşi ýaly, I asyrdaky mesihçiler gandan gaça durýardylar, olar ony hatda bejergi almak üçinem ulanmaýardylar.

Hudaý näme üçin gandan gaça durmagy tabşyrdy?

 Gan goýbertmegiň saglygymyz üçin howpludygyny görkezýän birnäçe sebäpler bar. Esasanam, Hudaý gandan gaça durmagy tabşyrmak bilen ony mukaddes saýýandygyny görkezdi (3 Musa 17:11; Koloslylar 1:20).