Esasy materiala geçiň

Näme barada doga etsem bolar?

Näme barada doga etsem bolar?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Siz Mukaddes Kitapdaky Hudaýyň talaplaryna laýyk gelýän islendik zat barada doga edip bilersiňiz. «Hudaýyň islegine görä her näme dilesek-de, Ol bizi eşidýär» (1 Ýahýa 5:14). Özüňizi biynjalyk edýän zatlar barada doga edip bilersiňizmi? Hawa. Mukaddes Kitapda: «Ýüregiňizi Oňa (Hudaýa) döküň» diýilýär (Zebur 62:8).

Näme barada doga edip bileris:?

  •   Hudaýa iman etmek barada (Luka 17:5).

  •   Dogry işleri etmäge kömek eder ýaly, Hudaýyň hereketdäki güýji, ýagny mukaddes ruhy barada (Luka 11:13).

  •   Kynçylyklara döz gelip, synaglara garşy durup biler ýaly güýç sorap (Filipililer 4:13).

  •   Kalbymyza rahatlyk bermegi barada (Filipililer 4:6, 7).

  •   Dogry kararlara geler ýaly akyldarlyk bermegi barada (Ýakup 1:5).

  •   Gündelik zerurlyklarymyz barada (Matta 6:11).

  •   Günälerimiziň bagyşlanmagy barada (Matta 6:12).