Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Ezekiýel kitabynyň 37-nji babynda agzalýan iki taýagyň birleşdirilmegi nämäni aňladýar?

Ýehowa Ezekiýel pygambere ysraýyl halkynyň Wada edilen diýara dolanandan soň başynyň jem boljakdygy baradaky umyt beriji habary pygamberlik etmegi tabşyrýar. Bu pygamberlik Hudaýyň häzirki gullukçylaryna hem degişli bolup, olaryň agzybir boljakdygyny görkezýär.

Ýehowa Ezekiýel pygambere görnüşde iki taýagy alyp, biriniň ýüzüne «Ýahuda we onuň bilen birleşen ysraýyllar üçin», beýlekisine bolsa «Ýusup we onuň bilen jebisleşen tutuş ysraýyl halky üçin Efraýymyň taýagy» diýip ýazmagy tabşyrýar. Ezekiýeliň elindäki taýaklar birleşip «bir taýak» bolmalydy (Ezek. 37:15—17).

«Efraýym» diýlende näme göz öňünde tutulýar? Demirgazyk on taýpaly patyşalygyň ilkinji patyşasy Ýarabgam ady belli Efraýym taýpasyndandy (Kan. tag. 33:13, 17; 1 Pat. 11:26). Bu taýpa Ýusubyň ogly Efraýymdan döräpdi (San. 1:32, 33). Ýakup ogly Ýusuby aýratyn patalady. Şol sebäpli on taýpaly patyşalygy aňladýan taýaga «Efraýymyň taýagy» diýilmegi geň galdyrmaýar. Ezekiýel iki taýak barada pygamberlik edende, Ysraýylyň demirgazyk patyşalygy aşurlylaryň gol astyndady. Sebäbi b. e. 740-njy ýylynda aşurlylar olary ýesir alypdy (2 Pat. 17:6). Emma Aşur imperiýasy dargandan soň, ysraýyllylaryň köpüsi tutuş Wawilon imperiýasyna ýaýraýar.

B. e. öň 607-nji ýylda iki taýpaly günorta patyşalygyna degişli bolanlar we on taýpaly demirgazyk patyşalygynyň galan bölegi Wawilona sürgün edilýär. Iki taýpaly günorta patyşalykda Ýahudanyň urugyndan bolan patyşalar höküm sürýärdi. Iýerusalimdäki ybadathanada gulluk edýän ruhanylar hem olara goşulypdy (2 Ýyl. 11:13, 14; 34:30). Şol sebäpli iki taýpaly günorta patyşalygy aňladýan taýaga «Ýahuda üçin» diýilmegi ýerlikli.

Göçme manydaky taýaklar haçan birleşdirildi? Bu pygamberlik b. e. öň 537-nji ýylda ysraýyllylar Iýerusalimdäki ybadathanany dikeltmek üçin dolananlarynda ýerine ýetipdi. Şonda iki taýpaly günorta we on taýpaly demirgazyk patyşalygynyň ikisi hem ýesirlikden azat bolupdylar. Şeýdip, ysraýyl ogullarynyň başy jem bolupdy (Ezek. 37:21, 22). Indi olar Ýehowa agzybir sežde edip bilýärdiler. Bu barada Işaýa bilen Ýermeýa hem pygamberlik edipdi (Iş. 11:12, 13; Ýer. 31:1, 6, 31).

Bu pygamberlikde arassa seždäniň wajyplygy nädip görkezilýär? Pygamberlikde Ýehowanyň gullukçylarynyň başynyň jem boljakdygy aýdylýar (Ezek. 37:18, 19). Bu sözler şu günlerem ýerine ýetýärmi? Elbetde! Bu pygamberlik 1919-njy ýylda ýerine ýetip başlady. Şonda Hudaýyň halkynyň başy jem bolup, guramaçylykly hereket edip başlady. Şeýtan olaryň agzybirligini bozmak üçin elinde baryny etse-de, onuň niýeti başa barmady.

Şol başy jem bolan ysraýyl ogullarynyň köpüsi Isa bilen bilelikde gökde patyşa we ruhany bolup höküm sürmäge umyt edýärdiler (Ylh. 20:6). Olar göçme manyda «Ýahuda üçin berlen taýak» ýalydy. Emma wagtyň geçmegi bilen, ruhy ysraýyla ýerde ýaşamaga umyt edýän adamlar hem goşulyp başlady (Zak. 8:23). Olar «Ýusubyň taýagyna» degişli bolup, gökde Isa bilen höküm sürmäge däl-de, ýerde ýaşamaga umyt edýärler.

Şu günler bu iki topar patyşa Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda Ýehowa agzybir gulluk edýärler. Ýehowa Dawuda «gulum» diýende, onuň nesliniň ebedi patyşalyk etjekdigini görkezdi (Ezek. 37:24, 25). Isa şeýle doga etdi: «Atam, şonda seniň meniň bilen, meniň hem seniň bilen birlikde bolşum ýaly, olaryň ählisi-de birlikde bolsunlar» (Ýah. 17:20, 21) *. Şeýle-de Isa mesh edilen mesihçilerden ybarat bolan kiçi süriniň «başga goýunlar» bilen birleşip, «bir süri» boljakdygyny pygamberlik etdi. Olaryň ählisine «bir çopan» gözegçilik eder (Ýah. 10:16). Isanyň sözleri şu günler gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýändigine garamazdan, Ýehowanyň halkynyň başynyň jemdigini aýdyň suratlandyrýar.

^ abzas 10 Isanyň özüniň gelmegi bilen bagly aýdan mysallary ünsümizi çekýär. Ol, ilki bilen, Hudaýyň halkyny ruhy iýmit bilen üpjün etjek mesh edilen mesihçilerden ybarat kiçi topary aňladýan «wepaly we paýhasly hyzmatkär» baradaky mysaly aýdýar (Mat. 24:45—47). Soňra gökde ýaşamaga umydy bolan adamlara degişli mysaly gürrüň berýär (Mat. 25:1—30). Iň soňunda bolsa Mesihiň doganlaryny goldajak ýerde ýaşamaga umyt edýänler hakda aýdýar (Mat. 25:31—46). Şu günler Ezekiýeliň pygamberliginde, esasan, gökde ýaşamaga umyt edýänler bilen bagly zatlar düşündirilýär. On taýpaly patyşalyk diýlende hemişe ýerde ýaşamaga umyt edýänler göz öňüne tutulmasa-da, bu pygamberlik ýerde we gökde ýaşamaga umyt edýänleriň başynyň jem boljakdygyny görkezýär.