Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hemişe Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň

Hemişe Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň

«Hemişe Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem üstüne goşulyp berler». LUKA 12:31

AÝDYMLAR: 40, 44

1. Adamyň gerekli zady bilen isleýän zadynyň arasynda nähili tapawut bar?

«BAGT pul bilen ölçenilmeýär» diýlişi ýaly, adama ýaşamak üçin köp zat gerek däl. Munuň şeýledigine garamazdan, adamlaryň köpüsi arzuw kölüne batyp, gören zadyny alasy gelýär. Adamyň gerekli zady bilen isleýän zadynyň arasynda tapawut barmy? Meselem, iýmit, egin-eşik we jaý adamyň gündelik durmuşy üçin hökman «gerek» bolýar. Emma adamyň «isleýän» zadyna gündelik ýaşaýyş üçin zerur bolmadyk zatlar degişli.

2. Şu günler köp adamlar näme edinmek isleýärler?

2 Adamlaryň isleg-arzuwlary bir-birinden tapawutlanýar. Meselem, käbir ýurtlarda köp adamlar el telefonynyň, motosikliniň we mellek ýeriniň bolmagyny islese, ösen ýurtlarda egin-eşik goýulýan döwrebap şkaf, kaşaň jaý we gymmatbaha maşyn edinmegiň arzuwyny edýärler. Emma gerek bolsun-bolmasyn, ýagdaýy ýetsin-ýetmesin, adam çendenaşa köp zat edinmek islese, baýlygyň duzagyna düşüp bilýär.

KÖP ZAT EDINMEK ISLEGINDEN ÄGÄ BOLUŇ

3. Köp zat edinmek islegi näme?

3 Köp zat edinmek islegi näme? Bu ruhy däl-de, maddy zatlara kowalaşmagy aňladýar. Ol adamyň islegi, wajyp hasaplaýan we ymtylýan zatlary bilen berk baglanyşykly. Şol sebäpli adam özüne çendenaşa köp zat edinjek bolup, açgözlük edip başlaýar. Emma adamyň açgöz bolmagy üçin pulunyň ýa-da emläginiň köp bolmagy hökman däl. Hatda garyp ýaşaýan adam hem açgözlügiň duzagyna düşüp bilýär. Şeýlelikde, ol Patyşalygy birinji orunda goýmaklyga sowuk-sala garap başlaýar (Ýew. 13:5).

4. Şeýtan «göz höwesini» nädip ulanýar?

4 Şeýtan şu dünýä arkaly maddy zatlaryň adamy bagtly edýändigine ynandyrjak bolýar. Ol adamda «göz höwesini» oýarýar (1 Ýah. 2:15—17; Gel. çyk. 3:6; Sül. tym. 27:20). Dogrudan-da, dünýäniň hödürleýän käbir zatlary şeýle bir özüne çekiji welin, adamy özüne maýyl edýär. Siz haçanam bolsa, özüňize gerekli bolany üçin däl-de, göze ýakymly ýa-da dükanlarda owadan edip goýlandygy üçin bir zat satyn almak isläpdiňizmi? Emma soňra şol zady edinmän hem ýaşap bolýandygyna göz ýetiripdiňizmi? Hawa, gerekmejek zatlary edinmek islegi durmuşymyzy has-da kynlaşdyrýar. Başgaça aýdanyňda, gerdenimize agyr ýük atylan ýaly bolýar. Şeýdip, biz şahsy okuwyny geçirmeklige, ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, yzygider gatnaşmaklyga we wagza sowuk-sala garap başlaýarys. Geliň, Ýahýa resulyň: «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider» diýen duýduryşyny hiç haçan unutmalyň.

5. Maddy zatlaryň ugrunda hars urýan adamlaryň durmuşy nähili bolýar?

5 Şeýtan biziň Ýehowanyň däl-de, baýlygyň guly bolmagymyzy isleýär (Mat. 6:24). Maddy zatlaryň ugrunda hars urýan adamlaryň durmuşy manysyz bolýar we özlerini bagtsyz duýýarlar. Olar diňe özüni bilip ýaşaýandygy üçin hemişe lapykeç, göwni synyk bolýar. Olaryň ruhy ýagdaýyny guran agaja meňzetse bolýar (1 Tim. 6:9, 10; Ylh. 3:17). Bu Isanyň tohum baradaky mysalyny ýadyňa salýar. Patyşalyk habary «tikenekleriň arasyna düşende», adamyň köp zat edinmek islegi sözi bogýar we ol «hasyl bermeýär» (Mar. 4:14, 18, 19).

6. Biz Baruk bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

6 Geliň, Ýermeýa pygamberiň kätibi Baruk bilen bolan wakany ýada salalyň. Baruk Iýerusalimiň weýran edilmeli wagty golaýlanda «özüne çendenaşa köp» zatlary agtaryp başlaýar. Emma bu zatlar wagtlaýyndy. Ýehowa oňa ýaşaýyş üçin bary-ýogy ýekeje zadyň gerekdigini düşündirip: «Sylag hökmünde janyňy aman saklaryn» diýdi (Ýer. 45:1—5). Hudaý şäher weýran edilende, ýaşaýjylaryň ähli emläginden mahrum boljakdygyny aýtdy (Ýer. 20:5). Bizem şu dünýäniň ahyrky günlerinde ýaşaýarys. Häzir özüňe köp zat edinmegiň wagty däl. Sebäbi baýlyk ýa-da gymmatbaha zatlar bizi agyr muşakgatda halas edip bilmez (Sül. tym. 11:4; Mat. 24:21, 22; Luka 12:15).

7. Biz häzir nämä serederis we näme üçin?

7 Isa Dagdaky wagzynda maddy zatlara kowalaşmakdan we artykmaç aladalardan ägä bolmagy maslahat berdi (Mat. 6:19—21). Geliň, Matta 6:25—34-nji aýatlary okap, her birine jikme-jik seredip geçeliň. Bu bize ünsümizi maddy «zatlara» däl-de, Hudaýyň Patyşalygyna gönükdirmäge kömek eder (Luka 12:31).

ÝEHOWA GEREKLI ZATLARY BERIP, ALADAMYZY EDÝÄR

8, 9. a) Biz näme üçin zerurlyklarymyz barada çendenaşa alada etmeli däl? b) Isa adamyň zerurlyklary barada nämäni bilýärdi?

8 Matta 6:25-i okaň. Isa märekä «bedeniňiz barada alada etmegiňizi bes ediň» diýende, çendenaşa «gaýgy etmeli däldigini» göz öňünde tutdy. Hawa, olar gereginden artyk alada etmeli däldiler. Isanyň «bes ediň» diýmeginiň degerli sebäbi bardy. Hatda gündelik zerurlygyň barada gaýgy etmeklik has wajyp zatdan ünsüňi sowup, şol hakda pikirlenmäge päsgel berýär. Şol sebäpli Isa Dagdaky wagzynda şägirtlerine gaýgy etmegiň howpludygyny birnäçe gezek duýdurdy (Mat. 6:27, 28, 31, 34).

9 Isa näme üçin iýmit, egin-eşik hakda «alada etmegiňizi bes ediň» diýdi? Bular ýaşaýyş üçin iň gerekli zatlar dälmi näme?! Elbetde, gerek! Onda biz bu zatlaryň asla aladasyny etmeli dälmi? Elbetde, alada etmeli. Isa-da bu zatlaryň adamlara her gün gerekdigine düşünýärdi. Şeýle-de ol mesihçileriň «soňky günlerde», ýagny «juda kyn döwürde» her hili kynçylyklary başdan geçirjekdigini bilýärdi (2 Tim. 3:1). Dogrudan-da, şu günler köp adamlar işsizlik, ykdysady ýagdaýyň pese düşmegi, açlyk we garyplyk ýaly zatlardan ejir çekýärler. Emma Isa «janyň iýmitden we bedeniň egin-eşikden gymmatlydygyna» hem düşünýärdi.

10. Isanyň nusgalyk dogasyna görä durmuşda nämäni birinji orunda goýmaly?

10 Isa Dagdaky wagzynda adamlara gündelik zerurlyklary barada doga etmegi öwretdi. Ol «gündelik iýjek çöregimizi her gün ber» diýip, gökdäki Atamyza dileg etmelidigini aýtdy (Mat. 6:11). Başga bir gezek bolsa ol: «Gündelik çöregimizi bize her gün ber» diýip, doga etmelidigini aýtdy (Luka 11:3). Emma bu maslahat zerurlyklarymyz hakda elmydama oýlanyp ýörmegi aňlatmaýar. Isa nusgalyk dogasynda, ilki bilen, Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada doga etmegi öwretdi (Mat. 6:10; Luka 11:2). Soňra ol adamlaryň çendenaşa gaýgy etmezligi üçin, Ýehowanyň ähli ýaradan zatlarynyň aladasyny edip bilýändigine düşünmäge kömek etdi.

11, 12. Ýehowanyň guşlaryň aladasyny edişinden näme öwrenýäris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

11 Matta 6:26-ny okaň. Bu aýatda «asmandaky guşlara syn ediň» diýilýär. Käbir guşlar örän kiçijik bolsa-da, köp mukdarda ir-iýmiş, däne, mör-möjek we gurçuk iýýärler. Olar adamlara garanyňda, ýygy-ýygydan iýmitlenýärler. Muňa garamazdan, olar ne ekýärler, ne-de iýmit ýygnaýarlar. Ýehowa olary gerekli zatlar bilen üpjün edýär (Zeb. 147:9). Elbetde, Ýehowa olaryň iýjek zadyny agzyna tutup bermeýär. Olaryň özleri iýmit gözlemeli. Olar üçin iýmit bolsa ýeterlik.

12 Isa gökdäki Atasynyň guşlaryň aladasyny edip, adamlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmajakdygyny asla göz öňüne getirip bilmeýärdi (1 Pet. 5:6, 7) 1. Elbetde, Hudaý biziňem iýjek zatlarymyzy agzymyza tutup bermeýär. Emma ol bize gök-önümleri ýetişdirmäge ýa-da iýjek çöregimizi satyn alar ýaly pul gazanmaga güýç berýär. Şeýle-de ol gullukçylaryny bar zadyny bir-biri bilen paýlaşmaga höweslendirýär. Isa guşlaryň mesgen tutýan ýeri barada aýtmasa-da, Ýehowa olara zerurlyklary barada alada edip, özlerine höwürtge ýasap biler ýaly ukyp berdi. Şonuň ýaly Ýehowa biziňem her birimize maşgalamyz üçin amatly jaý tapmaga ýardam edýär.

13. Biziň guşlardan has gymmatlydygymyzy näme subut edýär?

13 Isa guşlar barada gürrüň berenden soň, diňleýjilere: «Siz olardan (guşlardan) has gymmatly dälmi näme?» diýdi. Sebäbi ol tizden adamlar üçin janyny gurban berjekdigini bilýärdi (Luka 12:6, 7-nji aýatlary deňeşdiriň). Hawa, Isa töleg gurbanyny guşlar üçin däl-de, biziň ebedi hem bagtly ýaşamagymyz üçin berdi (Mat. 20:28).

14. Isa nähili maslahat berdi we näme üçin?

14 Matta 6:27-ni okaň. Isa näme üçin adam «alada edip, ömrüni azajyk bolsa-da uzaldyp bilmeýär» diýdi? Sebäbi gaýgy-aladalar adamyň ömrüni uzaltman, gaýtam, galanja ömrüni hem gysgaldýar.

15, 16. a) Biz Ýehowanyň meýdan gülleriniň aladasyny edişinden näme öwrenýäris? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Biz özümize nähili soraglary bermeli we näme üçin?

15 Matta 6:28—30-njy aýatlary okaň. Haýsy birimiz owadan egin-eşikleri geýmegi halamaýarys? Biz, esasanam, wagza, ýygnaga ýa-da kongrese owadan geýnip gitmegi gowy görýäris. Onda näme üçin Isa «egin-eşik hakda alada etmezligi» tabşyrdy? Isa ýene-de ünsümizi Ýehowanyň ýaradan zatlaryna çekip, «meýdan güllerinden» köp zatlary öwrenip biljekdigimizi aýtdy. Ol gülälek, bägül we çigildem ýaly owadan gülleri göz öňünde tutan bolmaly. Bu güller «ne zähmet çekýärler, ne-de özleri üçin eşik örýärler». Hudaý şonda-da olary juda owadan edip ýaratdy. Isa: «Hatda şan-şöhrata eýe bolan Süleýman patyşa-da şeýle owadan geýnen däldir» diýdi.

16 Isa: «(Hudaý) meýdan ösümliklerini şeýle geýindirýän bolsa, onda ol sizi has-da artyk geýindirmezmi näme, eý imany azlar!» diýdi. Hawa, Ýehowanyň aladamyzy edýändigine hiç hili şübhe ýok. Munuň şeýledigine garamazdan, Isanyň şägirtleriniň imany gowşakdy (Mat. 8:26; 14:31; 16:8; 17:20). Olar imanyny berkidip, Ýehowa bil baglamalydy. Biz barada näme diýse bolar? Biz Ýehowanyň ähli gerekli zatlary berip, aladamyzy etjekdigine berk iman edýärismi?

17. Ýehowa bilen dostlugymyza näme zyýan ýetirip biler?

17 Matta 6:31, 32-nji aýatlary okaň. Ýehowa Patyşalygy durmuşynda birinji orunda goýýanlaryň ählisiniň aladasyny edýär. Şol sebäpli biz gökdäki Atamyza iman etmeýän «başga halklardan» görelde almaýarys. Eger-de biz «başga halklaryň ymtylýan» zatlaryny edinmäge çalyşsak, onda Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetireris. Biz durmuşymyzda ruhy işleri esasy orunda goýsak, Ýehowanyň bize iň gowy zatlary berjekdigine ynanyp bileris. Eger biz «Hudaýa wepaly» bolsak, «iýmäge, geýmäge zadymyz we ýaşara ýerimiz» bolar (1 Tim. 6:6—8).

SIZ HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNY BIRINJI ORUNDA GOÝÝARSYŇYZMY?

18. Ýehowa her birimiz barada nämäni bilýär we biz nämä ynamly bolup bileris?

18 Matta 6:33-i okaň. Isanyň şägirtleri Hudaýyň Patyşalygyny hemişe birinji orunda goýmaly. Eger bizem Patyşalygy birinji orunda goýsak, Isanyň aýdyşy ýaly «galan ähli zatlar üstüne goşulyp berler». Biz muňa näme üçin ynanyp bileris? Sebäbi Isa şol sözleri aýtmazdan öň: «Gökdäki Ataňyz bularyň (ýaşaýyş üçin zerur bolan zatlaryň) hemmesiniň size gerekdigini bilýär» diýdi. Dogrudan-da, bize iýmit, egin-eşik we ýaşamak üçin ýer gerek. Emma Ýehowa bu zatlaryň bize gerekdigini bilip, öňünden aladamyzy edýär (Flp. 4:19). Meselem, ol biziň haýsy eşigimiziň tizden derde ýaramsyz boljakdygyny, nähili iýmitiň zerurdygyny we maşgalamyza nähili jaýyň gerekdigini bilýär. Hawa, biz Ýehowanyň gerekli zatlary berjekdigine şübhelenmän bileris.

19. Biz näme üçin gelejegimiz hakda çendenaşa alada etmeli däl?

19 Matta 6:34-i okaň. Üns beren bolsaňyz, Isa ikinji gezek «hiç haçan... alada etmäň» diýýär. Ol biziň Ýehowa bil baglap, ähli aladamyzy Onuň üstüne atmagymyzy isleýär. Eger adam gelejegi barada çendenaşa aladalansa, ol Hudaýa däl-de, özüne bil baglap başlamagy mümkin. Bu bolsa onuň Ýehowa bilen dostlugyna zyýan ýetirip biler (Sül. tym. 3:5, 6; Flp. 4:6, 7).

«GALAN ZATLAR HEM ÜSTÜNE GOŞULYP BERLER»

Siz Patyşalygy birinji orunda goýup biler ýaly ýaşaýşyňyzy sadalaşdyryp bilersiňizmi? (20-nji abzasa serediň)

20. a) Siz Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin nähili maksatlary goýup bilersiňiz? b) Siz ýaşaýşyňyzy nädip sadalaşdyryp bilersiňiz?

20 Biz Patyşalygy birinji orunda goýup biler ýaly, maddy zatlary edinmäge däl-de, ruhy maksatlara ýetmäge jan etmeli. Meselem, siz wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçüp bilersiňizmi? Ýa-da siz pioner gullugyna başlap bilersiňizmi? Eger siz eýýäm pioner bolup gulluk edýän bolsaňyz, onda «Hoş habarçylar mekdebinde» okamagy maksat goýsaňyz gowy bolmazmy? Patyşalyk zalynyň ýa-da beýleki gurluşyk işlerine gatnaşyp bilermisiňiz? Belki-de, siziň Beýtelde edilýän işlere kömek etmäge mümkinçiligiňiz bardyr. Eger siz durmuşyňyzy sadalaşdyrsaňyz, Patyşalyk işlerine köpräk gatnaşyp bilersiňiz. Şonuň üçin Hudaýa doga edip, « Siz ýaşaýşyňyzy nädip sadalaşdyryp bilersiňiz?» diýen çarçuwa serediň we maksadyňyza ýetmek üçin gerekli ädimleri ädiň.

21. Biz Ýehowa bilen dostlugymyzy nädip has-da berkidip bileris?

21 Isanyň «hemişe Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň» diýmeginiň degerli sebäbi bardy. Eger biz onuň aýdyşy ýaly etsek, onda zerurlyklarymyz hakda asla alada etmän bileris. Biz öz islegimizi kanagatlandyrjak bolman, gaýtam, Ýehowa doly bil baglasak we ýagdaýymyz bolsa-da dünýäniň hödürleýän zatlarynyň ählisini satyn almak üçin wagtymyzy hem güýjümizi sarp etmesek, Ýehowa bilen dostlugymyz has-da berkär. Dogrudan-da, sada ýaşamaklyk bize «hakyky ýaşaýşa berk ýapyşmaga» kömek edýär (1 Tim. 6:19).

^ 1) 12-nji abzas. Ýehowanyň gullukçylarynyň käte çöreksiz galmagyna näme üçin ýol berýändigine düşünmek üçin «Garawul diňi» žurnalyndaky «Okyjylaryň sowallary» atly makala serediň (w14 15/09 sah. 22).