Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Näme üçin mesihçiler haça çokunmaýar?

Näme üçin mesihçiler haça çokunmaýar?

MILLIONLARÇA adamlar haça çokunýar. «Türkmen diliniň sözlügi» haç diýen sözi «hristian dininiň atanak görnüşli simwoly» diýip düşündirýär. Emma mesihçiler haça çokunmaýar. Näme üçin?

Isa Mesih haçda ölmändi. «Haç» diýip terjime edilýän grekçe «stawros» diýen sözi, aslynda, syryk ýa-da pürs diýmegi aňladýar. Bir işde şeýle diýilýär: «[Stawros] iki pürsüň atanak görnüşde berkidilmegini aňlatmaýar... Injiliň asyl nusgasynda oňa iki pürs diýilýän ýeri ýok» («The Companion Bible»).

Isany jezalandyrmak üçin ulanylan zada, Mukaddes Ýazgylaryň käbir aýatlarynda grekçe «ksilon» hem diýilýär (Resullaryň işleri 5:30; 10:39; 13:29). «Ksilon» sözi «pürs», «taýak ýa-da agaç» diýmekdir.

Jezalandyrmak üçin pürsüň ulanylmagynyň sebäbi «Haç we haça çüýlemek» diýen kitapda şeýle düşündirilýär: «Märekäniň öňünde adama jeza berilýän ýerde hemişe agaç tapdyrmaýardy. Şonuň üçin pürsi ýere dikýärdiler. Jenaýatçynyň elini ýokary galdyryp pürse daňýardylar ýa-da çüýleýärdiler, kä ýagdaýda aýagyny-da daňýardylar ýa-da çüýleýärdiler» (Herman Fulda, «Das Kreuz und die Kreuzigung»).

Mukaddes Ýazgylarda Isanyň haça çüýlenmändigini görkezýän iň uly subutnama bar. Pawlus resul şeýle diýdi: «Mesih biziň ugrumyzda gargalyp, bizi kanunyň gargyşyndan halas etdi. Çünki: «Dar agaçdan [pürsden] asylan kişi lagnatlydyr» diýip ýazylgydyr» (Galatýalylar 3:13). Bu ýerde Pawlus Kanun taglymaty 21:22, 23-nji aýatlara salgylanýar. Onda ýewreý dilinde haç däl-de, pürs barada aýdylýar. Pürsde jezalanmak gargyş bolany üçin, mesihçiler haçda çüýlenen Isanyň şekili bilen öýlerini bezemeýär.

Mälim bolşy ýaly, Isa Mesih ölenden soň, mesihçiler 300 ýyllap haça çokunmandylar. Emma IV asyrda butparaz Konstantin imperator hristiançylygy kabul edip, haçy hristian dininiň simwoly diýip yglan etdi. Konstantin nämä esaslansa-da, haçyň Isa Mesihe hiç hili dahyly ýok. Aslyýetinde, haç butparazlygyň simwoly. «Katolikleriň täze ensiklopediýasynda» şeýle diýilýär: «Haç hristian dininden öňem bolupdy, hristianlara degişli bolmadyk dinlerde-de bar». Başga belli kitaplarda bolsa, haç tebigatyň güýçlerine sežde etmek üçin ulanylandygy we ahlaksyzlyk bilen baglydygy görkezilýär.

Näme üçin hristianlar butparazlaryň simwolyna çokunýarka? Olary öz dinine çekmek üçin. Her näme bolsa-da, butparazlaryň simwolyna sežde etmekligi Mukaddes Ýazgylar ýazgarýar (2 Korinfliler 6:14—18). Şeýle-de ol butparazlygyň ähli görnüşlerini gadagan edýär (Müsürden çykyş 20:4, 5; 1 Korinfliler 10:14). Şonuň üçin mesihçiler haça çokunmaýar *.

^ abzas 9 Bu barada Injiliň «Täze dünýä terjimesiniň» 1437—1439-njy sahypalarynda hem-de «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» diýen kitabyň 89—93-nji sahypalarynda jikme-jik düşündirilýär. Bu kitaplary Ýehowanyň Şaýatlary çap etdi.