Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

18-NJI BAP

Hudaý bilen dostlaşmak üçin näme etmeli

Hudaý bilen dostlaşmak üçin näme etmeli
  • Suwa nädip çümdürilýär?

  • Suwa çümdürilmek üçin näme etmeli?

  • Hudaýa özüňi nädip bagyş etmeli?

  • Näme üçin suwa çümdürilmeli?

1. Hebeşleriň melikesiniň weziri näme üçin suwa çümdürilesi geldi?

«YNHA suw, meniň suwa çümdürilmegime näme päsgel berýär?» Şeýle sorag bilen b. e. I asyrynda ýaşan hebeşleriň melikesiniň bir weziri ýüzlendi. Filipus atly hoş habarçy wada edilen Mesihiň Isadygyny wezire düşündirdi. Mukaddes Ýazgylardaky sözler bu adama täsir edende, onuň suwa çümdürilesi geldi (Resullaryň işleri 8:26—36).

2. Suwa çümdürilmek barada näme üçin çynlakaý oýlanmaly?

2 Sen şu kitabyň öňki baplaryny Ýehowanyň Şaýatlary bilen öwrenen bolsaň, özüňe şeýle sorag bermäge taýynsyň: «Meniň suwa çümdürilmegime näme päsgel berýär?» Sen indi Mukaddes Ýazgylaryň Jennetde ebedi ýaşaýşy wada berýänini bildiň (Luka 23:43; Ylham 21:3, 4). Şeýle-de direlişiň boljagy we ölen adamlaryň ýagdaýy barada bildiň (Wagyz kitaby 9:5; Ýahýa 5:28, 29). Mümkin, sen Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklaryna baryp, olaryň dininiň hakykydygyna göz ýetirensiň (Ýahýa 13:35). Esasanam, Ýehowany tanap we oňa ýakynlaşyp başlansyň.

3. a) Isa şägirtlerine näme tabşyrdy? b) Suwa nädip çümdürilýär?

3 Hudaýa gulluk edesiň gelse näme etmeli? Isa şägirtlerine: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň, olary... suwa çümdüriň» diýip tabşyrdy (Matta 28:19). Isanyň özi-de suwa çümdürilrp, görelde görkezdi. Ol suwa çümdürilende, oňa suw sepmediler ýa-da üstünden suw guýmadylar (Matta 3:16).

4. Suwa çümdürilmek nämäni görkezýär?

4 Ýehowa Hudaý bilen dostlaşasy gelýän her bir adam hökman suwa çümdürilmeli. Suwa çümdürilip, Hudaýa gulluk edesimiziň gelýänini adamlara aýan edýäris. Bu biziň Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmäge şatdygymyzy görkezýär (Zebur 40:7, 8). Emma suwa çümdürilmek üçin möhüm ädimleri ätmeli.

BILIM HEM-DE IMAN GEREK

5. a) Suwa çümdürilmek üçin, ilki bilen, näme etmeli? b) Mesihçileriň ýygnagyna gatnaşmak näme üçin wajyp?

5 Sen ilkinji ädimi ädip başladyň. Nädip? Sen, Mukaddes Ýazgylary öwrenip, Ýehowa Hudaý we Isa Mesih bilen tanşyp başladyň (Ýahýa 17:3-i okaň). Ýöne bu ýeterlik däl. Mesihçiler «Hudaýyň niýeti hakdaky dogry bilimden dolmak» isleýär (Koloslylar 1:9, TD). Bu babatda Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnagy kömek eder. Şeýle ýygnaklara gatnaşmak wajyp (Ýewreýler 10:24, 25). Ýygnaklara yzygiderli gatnasaň, Hudaý barada bilimiň artar.

Suwa çümdürilmek üçin, ilki bilen, Hudaýyň Sözündäki hakykat bilimine ýetmeli

6. Suwa çümdürilmek üçin nämäni bilmeli?

6 Elbetde, suwa çümdürilmek üçin Mukaddes Ýazgylary tutuş bilmek gerek däl. Hebeşleriň melikesiniň weziriniň azda-kände bilimi baram bolsa, Ýazgylardaky käbir aýatlara gowy düşünmeýärdi (Resullaryň işleri 8:30, 31). Sen ýene köp zatlary öwrenmeli. Hudaý barada alýan bilimiň yzyny üzmeli däl (Wagyz kitaby 3:11). Emma suwa çümdüriljek bolsaň, Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatyny öwrenmeli (Ýewreýler 5:12). Meselem, ölen adamlaryň nähili ýagdaýdadygyny, Hudaýyň adynyň wajypdygyny we Hudaýyň Patyşalygynyň nämedigini bilmeli.

7. Mukaddes Ýazgylary öwrenseň saňa nähili täsir eder?

7 Ýöne diňe bilim alman, iman hem etmeli, çünki «iman etmezden Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir» (Ýewreýler 11:6). Mukaddes Ýazgylarda gadymy Korinf şäheriniň ýaşaýjylary Isa Mesih barada eşidenlerinde «iman etdiler we suwa çümdürildiler» diýilýär (Resullaryň işleri 18:8). Mukaddes Ýazgylary öwrenseň, onuň Hudaýyň Sözüdigine iman edersiň. Şeýle-de Hudaýyň wadasynyň hakykatdygyna we Isanyň töleg gurbanynyň gutulyş getirjekdigine göz ýetirersiň (Ýeşuwa 23:14; Resullaryň işleri 4:12; 2 Timoteos 3:16, 17).

MUKADDES ÝAZGYLARDAKY HAKYKATY ADAMLARA GÜRRÜŇ BER

8. Öwrenen zatlaryňy adamlara gürrüň bermäge seni näme höweslendirer?

8 Imanyň näçe güýçli bolsa, öwrenen zatlaryňy içiňde saklamak şonça-da kyn bolar (Ýermeýa 20:9). Adamlara Hudaý we onuň niýetleri barada gürrüň bermäge höwes edersiň (2 Korinfliler 4:13-i okaň).

Imanyň bolsa Hudaý barada öwrenen zatlaryňy gürrüň berersiň

9, 10. a) Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty, ilki bilen, kimlere gürrüň berip bilersiň? b) Ýehowanyň Şaýatlary bilen wagyz edesiň gelse näme etmeli?

9 Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty, ilki bilen, garyndaşlaryňa, dostlaryňa, goňşularyňa we işdeşleriňe sypaýlyk bilen gürrüň berip bilersiň. Soňra Ýehowanyň Şaýatlary bilen wagyz edesiň geler. Bu islegiňi Mukaddes Ýazgylardan seniň bilen okuw geçýän Ýehowanyň Şaýadyna aýt. Sen talaba laýyk gelýän bolsaň, ýygnagyň iki ýaşulusy siziň bilen duşuşyp, bu mesele barada gürleşer.

10 Bu duşuşykda «Hudaýyň sürüsine» gözegçilik edýän mesihçi ýaşulular bilen gowy tanşyp bilersiň (Resullaryň işleri 20:28; 1 Petrus 5:2, 3). Eger sen Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatyna düşünip, olara ynansaň, Hudaýyň prinsiplerine görä ýaşasaň, dogrudanam, Ýehowanyň Şaýady bolasyň gelse, onda ýaşulular suwa çümdürilmedik wagyzçy bolup gulluk edip biljekdigiňi aýdarlar.

11. Wagyzçy bolmak üçin näme etmeli?

11 Wagyzçy bolasyň gelse, käbir erbet endikleriňi taşlamaly bolarsyň. Şonuň üçin wagyzçy bolmazyňdan öň, jyns ahlaksyzlygy, serhoşlyk we neşekeşlik ýaly agyr günäleri taşlamaly (1 Korinfliler 6:9, 10; Galatýalylar 5:19—21-nji aýatlary okaň).

TOBA EDIŇ WE DÖNÜŇ

12. Näme üçin toba etmeli?

12 Suwa çümdürilmek üçin ýene iki ädim ätmeli. Petrus resul: «Günäleriňiziň öçürilmegi üçin toba ediň, dönüň» diýdi (Resullaryň işleri 3:19). Toba etmek — eden etmişiňe ökünmek. Ýöne diňe jynsy ahlaksyz adamlar toba etmeli däl. Näme üçin? Sebäbi hemme adamlar günäli we Hudaýyň bagyşlamagyna mätäç (Rimliler 3:23; 5:12). Mukaddes Ýazgylary öwrenmeziňden öň, sen Hudaýyň islegini bileňokdyň. Sen onuň talaplaryna doly laýyk gelip bilermidiň? Görşümiz ýaly, agyr günä etmediklerem toba etmeli.

13. Dönmek näme?

13 Toba edeniňden soň dönmeli. Eden etmişiňe ökünmek ýeterlik däl. Erbet etmişleriňi goýup, mundan beýläk dogry iş etmeli. Suwa çümdürilmek üçin toba etmeli we dönmeli.

HUDAÝA ÖZÜŇI BAGYŞ ETMEK

14. Suwa çümdürilmek üçin ýene näme etmeli?

14 Suwa çümdürilmek üçin ýene bir wajyp ädim ätmeli. Ýehowa Hudaýa özüňi bagyş etmeli.

Doga edip, Ýehowa özüňi bagyş etdiňmi?

15, 16. Hudaýa özüňi bagyş etmek näme we oňa näme höweslendirmeli?

15 Ýürekden doga edip, Ýehowa özüňi bagyş edeniňde, Hudaýa hemişe wepaly galjagyňy söz berýäň (Kanun taglymaty 6:15). Şeýle ädim ätmäge näme höweslendirmeli? Aýdaly, bir ýigit gyzyň göwnüni tapjak bolýar. Ony ýakyndan tanadygyça gowy häsiýetlerini görüp, oňa bolan söýgüsi artýar. Soňra oňa durmuşa çykmagy teklip edýär. Elbetde, öýlense borçlarynyň köpeljegini bilýär. Ýöne şeýle çynlakaý ädim ätmäge, gyza bolan güýçli söýgüsi höweslendirýär.

16 Ýehowany tanadygyňça söýgiň artar we oňa ýürekden gulluk edip islegini ýerine ýetiresiň geler. Hudaýyň Ogly Isa Mesihiň yzyna eýermek üçin «özüňi inkär etmeli» (Markus 8:34). Özüňi inkär etmek — islegiňden we maksadyňdan geçip, hemişe Hudaýa gulak asmakdyr. Görşümiz ýaly, heniz suwa çümdürilmänkäň, Ýehowanyň islegi bilen ýaşamaly (1 Petrus 4:2-ni okaň).

ŞOWSUZLYKDAN GORKMA

17. Käbir adamlar näme üçin Hudaýa özüni bagyş etmekden ýaýdanýar?

17 Hudaýa özüňi bagyş etmek jogapkärli bolany üçin, käbir adamlar şeýle ädimi ätmäge ýaýdanýar. Mümkin, şol jogapkärlik olarda gorky döredýändir. Şeýle adamlar özlerini mynasyp görmeýär we Ýehowany gynandyraryn öýdüp, Hudaýa özüni bagyş etmeýär.

18. Ýehowa özüňi bagyş etmek islegi haçan döreýär?

18 Eger sen Ýehowany ýürekden söýüp başlasaň, oňa özüňi bagyş edip, mynasyp ýaşasyň geler (Wagyz kitaby 5:4). Hudaýa özüňi bagyş etseň, «Ýehowanyň adyna mynasyp ýaşamak we her bir oňat işleri etmek» islärsiň (Koloslylar 1:10, TD). Hudaýy söýýän bolsaň, onuň islegini ýerine ýetirmek saňa kyn bolmaz. Sen Ýahýa resulyň: «Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir» diýen sözleri bilen ylalaşarsyň (1 Ýahýa 5:3).

19. Hudaýa özüňi bagyş etmekden näme üçin gorkmaly däl?

19 Hudaýa özüňi bagyş etmek üçin kämil bolmak hökman däl. Ýehowa seniň mümkinçilikleriňi bilýär we güýjüňden artyk gelýän zady talap etmeýär (Zebur 103:14). Ol saňa ýagşylyk isleýär we güýç berip berkitjekdigini wada berýär (Işaýa 41:10-ny okaň). Eger Hudaýa ýürekden bil baglasaň, «Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular» (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6).

HUDAÝA ÖZÜŇI BAGYŞ EDENIŇI SUWA ÇÜMDÜRILIP GÖRKEZ

20. Ýehowa özüňi bagyş edeniňi näme üçin adamlara aýan etmeli?

20 Ýokarda aýdylan zatlar barada oýlansaň, ýekelikde doga edip Ýehowa özüňi bagyş edesiň geler. Ýöne halas bolmak üçin, Hudaýy söýýänleriň ählisi imany barada «halas bolmak üçin wagyz» hem etmeli (Rimliler 10:10, TD). Nädip?

Adam suwa çümdürilende, öňki durmuşy üçin ölüp, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin direlen ýaly bolýar

21, 22. Imanyň barada nädip wagyz etmeli?

21 Eger sen suwa çümdürilesiň gelse ýaşulular maslahatynyň koordinatoryna aýt. Soňra ýygnak ýaşululary seniň bilen Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatyny gaýtalar. Eger ýaşulular seniň suwa çümdürilmäge talaba laýyk gelýändigiňi aýtsalar, ýakyn wagtda suwa çümdürilip bilersiň *. Suwa çümdürilmezden öň, onuň ähmiýeti barada ýaşuly nutuk bilen çykyş edýär. Nutukdan soň ýaşuly suwa çümdüriljekleriň ählisine iki sany sorag berýär. Olar soraglara jogap berip, imanyny adamlaryň öňünde görkezýär.

22 Biz suwa çümdürilip, adamlaryň öňünde Hudaýa özümizi bagyş edendigimizi görkezýäris. Şeýdip, Ýehowanyň Şaýady bolýarys. Özüni Ýehowa bagyş edendigini başgalara aýan etmek üçin, adamy suwa doly çümdürýärler.

SUWA ÇÜMDÜRILMEK NÄMÄNI AŇLADÝAR?

23. «Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdürilmek» nämäni aňladýar?

23 Isa şägirtleriniň «Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdüriljekdigini» aýtdy (Matta 28:19). Diýmek, suwa çümdürilýän adam Ýehowa Hudaýyň we Isa Mesihiň häkimiýetine tabyn bolýar (Zebur 83:18; Matta 28:18). Şeýle-de ol mukaddes ruhuň, ýagny Hudaýyň hereketdäki güýjüniň edýän işine we görkezmesine tabyn bolmaly (Galatýalylar 5:22, 23; 2 Petrus 1:21).

24, 25. a) Suwa çümdürilmek nämäni aňladýar? b) Haýsy soragyň jogabyny bilmeli?

24 Emma suwa çümdürilmek ýöne bir suwa çümmek däl. Onuň çuň manysy bar. Mesihçi suwa çümdürilende, öňki durmuşy üçin ölen ýaly, suwdan çykanda bolsa, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin direlen ýaly bolýar. Ýöne sen özüňi adama ýa-da gurama däl-de, Ýehowa Hudaýa bagyş edýändigiňi unutma. Hudaýa özüňi bagyş etmek we suwa çümdürilmek, Ýehowa bilen ýakyn dostlugyň başlangyjydyr (Ýakup 4:8).

25 Emma gutulmak üçin suwa çümdürilmek ýeterlik däl. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Gorky hem titreme bilen öz gutulyşyňyzy amala aşyryň» (Filipililer 2:12). Suwa çümdürilmek Hudaýa gulluk etmegiň başlangyjydyr. Ýöne Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin näme etmeli? Bu barada soňky bapdan bilersiň.