Esasy materiala geçiň

Iblis nirede ýaşaýar?

Iblis nirede ýaşaýar?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Iblis ruhy şahsyýet bolandygy üçin onuň ýaşaýan ýeri ynsan gözüne görünmeýär. Emma suratda görkezilişi ýaly, ol ýer zalym adamlaryň ejir çekýän dowzah ody däl.

Gökdäki uruş

 Bir wagtlar Şeýtan Iblis Hudaýyň ýaşaýan ýerinde arkaýyn gezýärdi we başga wepaly perişdeler ýaly Ýehowanyň huzuryna gelip bilýärdi (Eýýup 1:6). Emma Mukaddes Kitapda «gökde urşuň» boljakdygy we şonda Şeýtanyň «ýer ýüzüne zyňyljakdygy» öňünden aýdylypdy (Ylham 12:7—9). Ýazgylardaky hronologiýa we dünýädäki wakalar bu urşuň gökde eýýäm bolup geçendigini tassyklaýar. Şol sebäpli Iblis indi wepaly perişdeleriň ýaşaýan ýerine baryp bilmeýär.

 Eýsem, bu Iblisiň ýer şarynyň belli bir böleginde ýaşaýandygyny aňladýarmy? Meselem, Mukaddes Kitapda gadymy Pergam şäherinde «Şeýtanyň tagtynyň durandygy» we onuň şol ýerde «mesgen tutýandygy» aýdylýar (Ylham 2:13). Aslynda, bu sözler şol şäheriň ýaşaýjylarynyň bar ünsüni Şeýtanyň döreden zatlaryna berendigini görkezmek üçin ulanylýar. Mukaddes Kitaba görä, Iblis «ýer ýüzündäki ähli patyşalyklaryň» üstünden höküm sürýär. Diýmek, Iblis belli bir ýerde ýaşamaýar, onuň mesgeni ýer ýüzi bilen çäklendirilýär (Luka 4:5, 6).