Esasy materiala geçiň

Dowzah barmy? Mukaddes Kitapda dowzah barada näme diýilýär?

Dowzah barmy? Mukaddes Kitapda dowzah barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinde meselem, «Mukaddes Kitap Terjime Instituty. 2015» terjimesinde „dowzah“ sözi birnäçe gezek duş gelýär (Zebur 16:10; Resullar 2:27 a). Şu makaladaky suratdan görnüşi ýaly, köpler erbet adamlaryň dowzahda ebedi gynalýandygyna ynanýarlar. Bu barada Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Makalada şulara serederis:

 Dowzahda adamlar ebedi gynalýarmy?

 Ýok. Mukaddes Kitabyň gadymy terjimelerinde dowzah diýip terjime edilen söz (ýewreýçe «şeol», grekçe «gades») «mazar» ýagny, ähli ölen adamlaryň jaýlanýan ýerini aňladýar. Mukaddes Kitapda mazarda ýaşaýşyň ýokdugy aýdylýar.

  •   Ölüler hiç zat bilmeýär, agyry hem duýmaýar. «Seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar» (Nesihat 9:10, «Mukaddes Kitap Terjime Instituty. 2015»). Dowzahda adamlar gynalmaýar we ahy-nala çekmeýär. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Goý, erbetler utanja galsyn, ölüler dünýäsine (dowzaha, «Douay-Rheims» terjimesi) inip, goý, olar dymsyn» (Zebur 30:18, «Mukaddes Kitap Terjime Instituty. 2015»; Zebur 31:17, «Täze dünýä terjimesi»; Zebur 115:17).

  •   Günäniň jezasy dowzah däl-de, ölüm. Hudaý Adam ata kanuny bozup günä etse öljekdigini aýtdy (1 Musa 2:17). Allatagala dowzah odunda gynalmak barada hiç zat aýtmady. Adam ata günä edensoň Hudaý oňa temmi berip, şeýle diýdi: «Topraksyň, topraga-da öwrülersiň» (1 Musa 3:19). Adam ata ölenden soň, hiç ýerde ýaşamady. Eger Hudaý Adam atany dowzaha taşlan bolsa, bu barada hökman aýdardy. Hudaýyň berýän temmisi soň hem üýtgemedi. Adam atanyň günä edenine ençeme ýyl geçensoň, Hudaý Mukaddes Kitaba şeýle sözleri ýazdyrtdy: «Günäniň haky ölümdir» (Rimliler 6:23). «Ölen adam günäden azat bolýar», şol sebäpli Hudaý adamyň günäsi üçin başga jeza bermeýär (Rimliler 6:7).

  •   Hudaý dowzah ody diýen düşünjäni ýigrenýär (Ýermeýa 32:35). Bu düşünje Mukaddes Kitabyň «Hudaý söýgüdir» diýen taglymatyna garşy gelýär (1 Ýahýa 4:8). Hudaý adamlaryň dowzah odundan gorkup däl-de, Oňa söýgi bilen sežde etmeklerini isleýär (Matta 22:36—38).

  •   Gowy adamlar dowzaha düşýär. Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinde «dowzah» sözi Hudaýyň wepaly gullukçylaryna degişli edilip hem ulanylýar. Şol terjimelerde Ýakup bilen Eýýup pygamberiň dowzaha düşjekdigi hakda aýdylýar (1 Musa 37:35; Eýýup 14:13). Hatda Isa pygamberiňem direlmezden öň dowzaha düşendigi barada aýdylýar (Resullar 2:31, 32). Diýmek, Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinde duş gelýän dowzah sözi, gabry ýa-da mazary aňladýar. b

 Isanyň baý adam bilen Lazar baradaky mysalynyň manysy näme?

 Isanyň gürrüň beren mysaly Luka 16:19—31-de ýazylan. Mysallar adamlara ähli zatda Hudaýyň garaýşyna düşünmäge kömek edýär. Baý adam bilen Lazar baradaky mysal hem bolan waka däl (Matta 13:34). Bu barada köpräk bilmek üçin «Baý adam bilen Lazar kim?» diýen makalany okap bilersiňiz.

 Dowzaha düşen adam Hudaýdan daşlaşandygyna düşünýärmi?

 Ýok. Adam dowzahda eden günäsine düşünýär diýen düşünje Mukaddes Kitaba garşy gelýär. Sebäbi Mukaddes Kitapda ölüleriň hiç zady bilmeýändigi aýdylýar (Zebur 146:3, 4; Nesihat 9:5).

 Dowzaha baryp gelen barmy?

 Hawa. Mukaddes Kitapda dokuz adamyň gabra (käbir terjimelere görä «dowzaha») düşendigi, soňra bolsa direlendigi barada aýdylýar c. Eger olar hakykatdanam dowzah oduny gören bolsalar, direlensoň bu barada gürrüň bererdiler. Ýöne dokuz adamyň ýekejesi hem dowzahda ejir çekendigi barada hiç zat aýtmady. Näme üçin? Sebäbi Mukaddes Kitapda ölüm agyr uky bilen deňeşdirilýär we ölüleriň hiç zat bilmeýändigi hakda köp aýdylýar (Ýahýa 11:11—14; 1 Korinfliler 15:3—6).

a Häzirki terjimeleriň köpüsinde Resullar 2:27-de «dowzah» sözi ulanylmaýar. Şu söze derek «ölüler diýary» (Araz Parwiş, 1994), «gabyr» (Mukaddes Kitap Terjime Instituty. 2015), «mazar» (New Century Version) diýen sözler ulanylýar. Başga terjimelerde bolsa grekçe «gades» sözüni ulanýarlar (Holman Christian Standard Bible, NET Bible, New American Standard Bible, English Standard Version).