Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitapda reinkarnasiýa taglymaty barmy?

Mukaddes Kitapda reinkarnasiýa taglymaty barmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Ýok. Mukaddes Kitapda «reinkarnasiýa» (ölümden soň ruhuň haýwana ýa-da adama geçmegi) sözi we taglymaty duş gelmeýär. Reinkarnasiýa taglymaty ölmeýän jan ýa-da baky ruh hakdaky düşünjä esaslanýar a. Emma Mukaddes Kitapda «jan» sözi adamyň ýaşaýşyny aňladýar we ol ölýär (1 Musa 2:7; Hyzkyl 18:4). Adam ölenden soň, ol ýaşamagyny bes edýär (1 Musa 3:19; Nesihat 9:5, 6).

Reinkarnasiýa we direliş baradaky taglymatlaryň nähili tapawudy bar?

 Mukaddes Kitabyň direliş baradaky taglymaty baky ruh diýen düşünjä esaslanmaýar. Direliş ölen adamlaryň Hudaýyň güýji arkaly direljekdigine umyt berýär (Matta 22:23, 29; Resullar 24:15). Şonda direlen adamlar «täze ýerde» ýaşar we gaýdyp hiç haçan ölmez (2 Petrus 3:13; Ylham 21:3, 4).

Reinkarnasiýa we Mukaddes Kitap barada ýalan düşünjeler

 Ýalan düşünje: Mukaddes Kitapda Ylýas pygamberiň suwa çümdürýän Ýahýa bolup gelendigi aýdylýar.

 Delil: Hudaý: «Özüm size Ylýas pygamberi ibererin» diýip pygamberlik etdi; Isa Mesih hem şu sözleri suwa çümdürýän Ýahýanyň ýerine ýetirendigini aýtdy (Melek 4:5, 6; Matta 11:13, 14). Emma bu Ylýasyň suwa çümdürýän Ýahýa bolup gelendigini aňlatmaýar. Ýahýanyň hut özi Ylýas pygamber däldigini aýtdy (Ýahýa 1:21). Ýahýa Ylýas pygamberiňki ýaly ýumşy ýerine ýetirmelidi, ýagny Hudaýyň habaryny yglan edip, adamlary toba etmäge höweslendirmelidi (1 Patyşalar 18:36, 37; Matta 3:1). Ýahýa-da «Ylýas pygamberiňki ýaly ruh we güýç bilen» hereket etmelidi (Luka 1:13—17).

 Ýalan düşünje: Mukaddes Kitapda «täzeden dogulmak» diýlende, reinkarnasiýa göz öňünde tutulýar.

 Delil: Mukaddes Kitapda «täzeden dogulmak» diýlende, ölümden soň däl-de, ýaşap ýören wagtyň ruhy taýdan dogulmak göz öňünde tutulýar (Ýahýa 1:12, 13). Täzeden dogulmak öňki eden günäleriň netijesi däl-de, gaýtam, Hudaýyň berýän aýratyn sylagy we berekedi hasaplanýar. Ol bu sylagy diňe käbir adamlara berýär (Ýahýa 3:3; 1 Petrus 1:3, 4).

a Ölmeýän jan we reinkarnasiýa baradaky düşünje gadymy Wawilondan gelip çykdy. Birnäçe wagtdan soň hindi filosoflary şoňa esaslanyp, ýazgyt baradaky taglymaty girizipdirler. Britan ensiklopediýasyna laýyklykda, ýazgyt — bu «sebäp we netije baradaky kanun. Ol adamyň edýän her bir hereketi onuň indiki ýaşajak durmuşyna täsir edýär diýip öwredýär» («Britannica Encyclopedia of World Religions», sah. 913).